Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

'Koronawirussyz' Türkmenistan Orsýetiň “EpiWakKorona” sanjymyny hem almakçy bolýar


TDH: Türkmenistan öz çäklerinde “Sputnik V” sanjymynyň ulanylmagyny resmi taýdan oňlan ilkinji merkezi aziýa döwleti boldy.
TDH: Türkmenistan öz çäklerinde “Sputnik V” sanjymynyň ulanylmagyny resmi taýdan oňlan ilkinji merkezi aziýa döwleti boldy.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Nurmuhamhammed Amannepesow 22-nji ýanwarda geçirilen hökümet mejlisinde Türkmenistan öz çäklerinde “Sputnik V” sanjymynyň ulanylmagyny resmi taýdan oňlan ilkinji merkezi aziýa döwleti bolup, bu sanjymy bellige alan ýurtlaryň ilkinji onlugyna girendigini aýtdy.

TDH häzir bu sanjymyň synag işleriniň geçirilýändigini habar berýär.

Döwlet eýeçiligindäki neşiriň ýazmagyna görä, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisde “Sputnik V” sanjymy barada durup geçip, Orsýetde üstünde işlenilýän “EpiWakKorona” sanjymyny, şeýle-de, anyklaşdyrmanzdan, beýleki hyzmatdaş ýurtlaryň sanjymlaryny bellige almak tabşyryklaryny berdi.

Azatlygyň ýerli habarçylarynyň maglumatlaryna görä, Türkmenistanda geçen ýyl koronawirus alamatlaryny görkezýän näsaglar köpeldi we öýken näsaglygy diagnozy goýlan adamlaryň ýogalmagy ýygjamlaşdy.

Emma muňa garamazdan, Türkmenistan dünýäde koronawiruss näsaglarynyň hiç birini resmi taýdan hasaba almadyk ýurtlaryň onlygyna girýär.

XS
SM
MD
LG