Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Indoneziýa Eýranyň gämisi we Panamanyň tankerlerini saklady


Eýranyň baýdagyny göterýän “MT Horse” (çepde) we Panamanyň baýdagyny göterýän “MT Frea” tankerleri, Borneo adasyndaky Pontianak suwlarynda tutuldy, 24-nji ýanwar, 2021.

Indoneziýa, Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň deňiz suwlarynda nebiti bikanun daşamakda güman edilýän Eýranyň tankerini we Panamanyň gämisini ele salandygyny aýtdy.

Eýran ozal ABŞ-nyň sanksiýalaryna garşy durmak maksatly öz tankerlerindäki yzarlaýyş ulgamlaryny işletmezden nebitini gizlin daşamakda aýyplanypdy.

Indoneziýanyň Deňiz howpsuzlyk agentligi 25-nji ýanwarda çig nebiti daşaýan super tankerleriniň, ýagny Eýranyň baýdagyny göterýän "MT-Horse" gäminiň we Panamanyň baýdagyny göterýän "MT Freýa" gäminiň bir gün öň Kalimantan welaýatynda ele salnandygyny we goşmaça derňew üçin Riau ada welaýatynyň Batam adasyna alnyp baryljakdygy aýtdy.

Agentligiň metbugat sekretary Wisnu Pramanditanyň aýtmagyna görä, gämileriň saklanan wagty olaryň ekipažy milli baýdaklaryny görkezip bilmändir we anyklaýyş sistemasyny öçürip, radio çagyryşlaryna jogap bermändir.

Wisnunyň “Roýter” habar gullugyna aýtmagyna görä, gämiler iş üstünde, ýagny Indoneziýanyň serhetçileriniň ýetip gelen wagtynda Eýranyň tankerinden Panamanyň tankerine nebit geçiren wagtynda tutulypdyr.

Iki gämiden 61 ekipaž agzasynyň tussag edilendigi aýdyldy.

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Said Hatibzadeh Tähranyň Indoneziýanyň häkimiýetlerinden ele salnan gämiler barada jikme-jik maglumat berilmegini sorandygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG