Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow alabaýyň gününi bedewiň güni bilen utgaşdyryp geçirmegi teklip etdi


Alabaý
Alabaý

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen alabaýlarynyň gününi, türkmen bedewiniň güni bilen, ýagny apreliň soňky ýekşenbesinde ugtaşdyryp geçirmek barada teklip etdi.

Berdimuhamedow bu barada 25-nji ýanwarda Aşgabatda Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň buýurmasy esasynda gurulýan desgalar toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşan pursady teklip etdi.

Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň ýolbaşçysy, prezidentiň ogly – Serdar Berdimuhamedow şol gün beýleki çäreler bilen birlikde, alabaýlaryň bäsleşiginiň hem guraljakdygyny mälim etdi.

Aşgabatda alabaýa gurlan heýkel
Aşgabatda alabaýa gurlan heýkel

Türkmenistanda alabaý itlerine berilýän resmi üns ýa-da it wagyzlary ýurtdaky eýesiz it-pişikleriň zäherlenip, urlup öldürilýändigi barada çykýan maglumatlaryň arasynda, prezident Berdimuhamedowyň ahal-teke atlaryndan soň alabaý itlerini hem öz “howandarlygyna” almagy, it wagyzlarynyň ýurtdaky şahsyýet kultunyň bir bölegine öwrülmegi bilen ýokarlandy diýip, synçylar aýdýarlar.

Geçen noýabrda Aşgabatda, ýurduň agyr ykdysady krizisi, gymmatçylygy başdan geçirýän döwri, alabaý itine 15 metrlik, altyn çaýylan heýkel hem açyldy.

XS
SM
MD
LG