Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Blinken: ABŞ-nyň Owganystan boýunça wekilinden “möhüm” işi dowam etdirmek haýyş edildi


ABŞ-nyň Owganystanda ylalaşyk boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad
ABŞ-nyň Owganystanda ylalaşyk boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad

Geçen ýyl "Talyban" bilen arada baglaşylan ylalaşyga töwellaçylyk eden ABŞ wekiline öz wezipesinde galmak haýyş edildi diýip, ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken 27-nji ýanwarda aýtdy.

ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzaddan “ýerine ýetirýän möhüm işini dowam etdirmeklik” haýyş edildi diýip, Blinkek 26-njy ýanwarda wezipä kasam kabul edeli bäri geçiren ilkinji metbugat ýygnagynda aýtdy.

2020-nji ýylyň fewralynda gol çekilen ylalaşyk üçin Halilzad gepleşik geçirdi. Ol jeňçi toparyň howpsuzlyk kepillikleriniň, şol sanda “Al-Kaeda” bilen gatnaşyklary kesmeginiň öwezine ABŞ goşunlarynyň Owganystandan çekilmegine çagyrdy.

Bu ylalaşyga laýyklykda ähli daşary ýurt güýçleri 2021-nji ýylyň maý aýyna çenli Owganystandan çekilmeli.

Blinken, şeýle-de, jeňçi toparyň öz üstüne alan borçlaryny ýerine ýetirip-ýetirmeýändigini, şol sanda onuň ýaraşyk gazanyp, owgan hökümeti bilen manyly gepleşik geçirip-geçirmeýändigini kesgitlemek üçin ABŞ prezidenti Jo Baýdeniň administrasiýasynyň “Talyban” bilen arada gol çekilen ylalaşygy gözden geçirýändigini aýtdy.

Blinken ylalaşygyň köpçülige äşgär edilmedik bölümlerini täze administrasiýanyň heniz görmändigini we täze administrasiýanyň ylalaşylan borçnamalara doly düşünmek isleýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG