Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nawalny ruslary dynç günleri geçiriljek protestlerden öň gorkudan çykmaga çagyrýar


Aleksei Nawalny
Aleksei Nawalny

Türmede oturan rus oppozisiýa lideri Alekseý Nawalny häkimiýetleriň kreml tankytçysynyň egindeşlerini basyp ýatyryp, demonstrantlaryň köçelere çykmazlygy barada duýduryş berýän wagtynda öz tarapdarlaryny ýurt boýunça tapgyr ikinji dynç güni guralýan protestlere gatnaşmaga çagyrdy.

Kazyýet tussag edilmegine garşy eden şikaýatyny ret edenden soň, Nawalny 28-nji ýanwarda öz web sahypasynda çap eden hatynda ruslary gorkyny taşlamaga we täze protestleri geçirmäge çagyrdy.

“Çyk, hiç zatdan gorkma. Hiç kim zalymlygyň we korrupsiýanyň höküm sürýän ýurdunda ýaşamak islemeýär. Köplük biziň tarapymyzda" diýip, Nawalny aýtdy.

Nawalny we onuň egindeşleri 31-nji ýanwarda tutuş ýurt boýunça protest ýörişlerini geçirmegi planlaşdyrýar. Olar geçen hepde ahyrynda, polisiýanyň rehimsiz basyşlaryna garamazdan, onlarça şäherde ýüzlerçe müň adamyň gatnaşmagyna getiren protest ýörişlerini gurnadylar. Polisiýa demonstrasiýalar wagtynda 4000 töweregi adamy tussag etdi.

Prezident Wladimir Putine bolan ynam derejesi soňky bir ýylda iň pes derejesine düşüp, 53 göterime çenli azaldy.

Bu habar Jemgyýetçilik Pikir Gaznasy (FOM) tarapyndan geçirilen pikir soramlarynyň netijelerine esalanyp berildi.

XS
SM
MD
LG