Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Ýakyn taryhyň çatrygynda (4-nji bölüm): Irki Aşgabadyň hronikasy


Illýustrasiýa suraty

Bu gepleşik XIX asyryň aýaklarynda Aşgabatda bolup geçen wakalaryň hronologiýasyna nazar aýlaýar.

26-njy ýanwarda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagt Aşgabat boýunça iş saparyny amala aşyrdy, käbir gurluşyk desgalarynda işleriň barşy bilen tanyşdy. Saparyň dowamynda Berdimuhamedow Aşgabadyň döredilmeginiň 140 ýyllygyna bagyşlap, Çoganly ýaşaýyş jaý toplumynda 140 hojalygy täze jaýly etmek barada orunbasarlaryna tabşyryk berdi. Ol bu jaýlaryň 25-nji maý Aşgabat gününe çenli ýetişdirilmegini talap etdi.

Häzirki zaman Aşgabadyň döredilmeginiň 140-njy ýyl dönümine döwlet baştutany derejesinde ýörite tabşyryklar bilen taýýarlyk görülmegi Türkmenistanyň garaşsyzlyk taryhynda seýrek wakalaryň biri boldy.

Ýakyn taryhyň çatrygynda (4-nji bölüm): Irki Aşgabadyň hronikasy
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

Şu wagta çenli garaşsyz Türkmenistanda modern Aşgabadyň esaslandyrylan gününiň dabarasynyň dag aşan wagty, belki-de, ýokdur. Iň azyndan, şu makalanyň awtory onlaýn metbugat arhiwlerinden täze taryhda Aşgabadyň döredilen gününiň “şanly senesiniň” dabaraly bellenen gününi tapyp bilmedi. Sebäbi, onuň döredilen güni, belki-de, halk hakydasyna ajy geçmişi ýatladýar.

Geliň, bir salym aýak çekip, yza dolanaly, saralan taryh sahypalaryna syýahat edeli!

“Saralan taryh sahypalary”

Mundan 140 ýyl ozal, 1881-nji ýylyň 12-nji ýanwar güni basybalyjy rus goşunlary Gökdepe galasyny syndyryp, gündogar sary ýörişlerine dowam etdirdiler. 1881-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda polkownik Kuropatkiniň ýolbaşçylygyndaky harby otrýad Gökdepäniň gündogaryndaky şol wagtky Asgabat obasyny söweşsiz ele geçirýär, hem-de onuň gündogar böleginde harby lager dikýär. (Çeşme: “Türkmenistanyň Russiýa birikdirilmegi”, 522 sah.)

Gökdepe ýeňşinden soň Rus patyşalygynyň tabynlygyndaky Transkaspiý oblastynyň territoriýasy giňeýär. Ozal Maňgyşlak, Krasnawodsk we Ahalteke uýezdlerinden ybarat bolan okrugyň düzümine Asgabat hem girizilýär, we Ahalteke uýezdiniň ady Asgabat uýezdi hökmünde üýtgedilýär. 1890-njy ýyla çenli oblastyň düzümine Tejen hem-de Merw uýezdleri hem birikdirilýär we Transkaspiýniň özi Türkistan general-gubernatorlygyna baglanýar. Şeýlelikde, Merkezi Aziýa dolulygyna tabyn edilýär we Rus Türküstanynyň çäkleri tamam bolýar.

1881-nji ýylda Transkaspiý oblastynyň merkezi Krasnawodskdan Asgabada göçürilýär. Häzirki Türkmenistanyň syýasy, ykdysady we medeni hamyr maýasy, belki-de, Transkaspiý oblastynyň paýtagtynyň 1881-nji ýylyň maý aýynda Asgabat yglan edilmegi bilen kemala gelip başlady.

Ruslar Gökdepäni we onuň töweregindäki ilatly nokatlary 1881-nji ýylyň ýanwar aýynda basyp alsalar-da, Transkaspiý oblastynyň administratiw çäk-bölünişigi rus patyşasy Aleksandr III-niň 1881-nji ýylyň 6-njy maý güni Gatçinada gol çeken bir permany bilen resmi taýdan esaslandyryldy. Türkmenistan SSR-niň arhiw maglumatlary bu taryhy fakty açyp görkezýär.(Çeşme: “Zakaspiýskiý kraý w sostawe Rossiýskoý impreii”, I.I Aminow, 2018 ý., sah .11)

"Täsin tötänlik"

Täze taryha gaýdyp gelsek, 1881-nji ýylyň 6-njy maý güni grigoriýan kalendary boýunça 1881-nji ýylyň 18-nji maýyna deň gelýär. 18-nji maý garaşsyz Türkmenistanyň irki senenamasynda möhüm bir senäni, hatda iki senäni öz içine alýar. Ýatlasak, 2017-nji ýylyň oktýabryna çenli Türkmenistanyň Konstitusiýa güni we Magtymgulynyň şygryýet baýramy her ýylyň 18-nji maý güni bellenilýärdi. Eýsem, garaşsyz Türkmenistanda 18-nji maýyň Konstitusiýa güni yglan edilmegi bilen şondan 110 ýyl ozal, 1881-nji ýylyň 18-nji maý güni rus patyşasy Aleksandr III-niň Zakaspiý oblasty hakynda gol çeken permanynyň arasynda nähilidir bir ilteşik ýa-da arabaglanyşyk barmy? Bu täsin tötänligiň aňyrsynda ýatan syr köpler üçin gyzyklydyr.

Türkmenistan SSR-niň arhiw maglumatlaryna görä, ýuliýan kalendary boýunça 1881-nji ýylyň 15-nji maý güni Dykma serdaryň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti Sankt Peterburga barýar. Olar Sankt Peterburgyň “Znamenskiý” myhmanhanasynda galýarlar. Türkmen serdarlaryny rus patyşasy bilen duşuşdyrmak boýunça edilen tagallalar, bu barada ýokary derejeli rus harbylarynyň öz aralarynda ýazyşan resmi hatlary arhiwlerde saklanyp galypdyr.

Aşgabat üç-dört döwrüň synaglaryna sezewar boldy

Pars şalygy bilen goňşy arada ýerleşen Aşgabat wagtyň geçmegi bilen iri söwda geçelgesine öwrüldi. Aşgabada demir ýol çekildi, polat ýollar ondan aňry gündogar sary uzap gitdi. Türkmen paýtagty haýal etmän polat ýollar arkaly Daşkende-de baglandy. Aşgabat ösdi, özgerdi...

Heňňam aýlandy, döwür üýtgedi XX asyryň birinji çärýeginde Aşgabatda bolşewikler häkimiýeti ele geçirdi. Wagt suw ýaly akyp geçdi, türkmen paýtagtynyň ilaty täze medeniýetlere uýgunlaşdy. Syýasy-ykdysady merkez bolmak bilen bir hatarda Aşgabat Türkmenistanda täze medeniýetiň, edebiýatyň we sungatyň ojagyna-da öwrüldi; ýakyn taryhyň irki döwürlerinde täze bina edilen teatrlar, muzeýler, kitaphanalar öz gapylaryny myhmanlara giňden açyp başlady. Döwür dolanyp, döwran aýlandy, 1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargap, Türkmenistan öz garaşsyzlygyna eýe boldy.

Aşgabat Keramatly Ärsagyň şäherimi?

Garaşsyzlykdan soň hökümete ýakyn taryhçylar Aşgabadyň öz gözbaşyny has aňyrdan, Parfiýa şalygyndan alyp gaýdýandygy barada käbir pikirleri we çaklamalary orta atdylar.

Türkmen taryhçysy Öwez Gündogdyýewiň “Aşgabat – Keramatly Ärsagyň şäheri” atly ylmy işi Aşgabadyň öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýandygy barada dürli çaklamalary orta atýar.

“Biz patyşa hökümetiniň şäheriň soňky gurulan bölegini abadanlaşdyrmak boýunça alyp baran uly işlerini inkär etmek islemeýäris, ýöne şol bir wagtyň özünde hem şäherimiziň XIX asyrda esaslandyrylan diýlip hasaplanmagy bilenem düýbünden ylalaşmaýarys. Öz taryhymyza sowuk-sala çemeleşmegimizi bes etmegiň wagty ýetdi. Biz XX asyryň aýagynda Garaşsyz we Bitarap Türkmenistanyň paýtagtyna öwrülen şäheriň düýbüni gadymy döwürlerde tutan ata-babalarymyzyň hatyrasyny belent tutmalydyrys” diýip, Gündogdyýew ýazýar.

Maglumat üçin aýdylsa, Gündogdyýew ölüminden üç ýyl soň, 2016-njy ýylyň aprelinde “Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin” ordeni bilen sylaglandy.

Aşgabat şäheriniň güni, heýkel we Ginnesiň rekordlary

2013-nji ýylyň 25-nji maýynda prezident Berdimuhamedow her ýylyň 25-nji maýyny Aşgabat şäheriniň güni hökmünde belläp geçmek barada permana gol çekdi.

2015-nji ýylyň 25-nji maýynda, Aşgabat gününe gabatlap, türkmen paýtagtynda Berdimuhamedowyň at üstündäki altyn çaýylan ilkinji heýkeli açyldy. Ondan ozal, Aşgabat dürli ugurlarda, şol sanda inedördül metre düşýän mermeriň göwrümi boýunça Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.

Soňky hasabatlarda Aşgabat gymmatçylykda özüni dünýä tanatdy. “Merceriň” barlagy 2020-nji ýylyň iýunynda Aşgabadyň daşary ýurtlylar üçin dünýäde iň gymmat şäherdigini anyklady.

Sowet döwründe Aşgabadyň 100-nji ýyl dönümine bagyşlanyp, “1881-1975-njy ýyllar aralygynda Aşgabatda bolup geçen möhüm wakalaryň hronologiýasy” (Aşgabat, 1881-1975 ý) ýörite kitap hökmünde 1981-nji ýylda Aşgabatda çap edildi. Biz şol kitabyň maglumatlaryna we beýleki çeşmelere salgylanyp, Aşgabadyň irki ýyllaryndaky möhüm wakalaryň hronologiýasyny siziň dykgatyňyza ýetirýäris. Maglumatyň çeşmeleri bilen Azatlygyň saýtynda bu gepleşigiň tekst nusgasynda tanşyp bilersiňiz!

Irki Aşgabatda bolup geçen möhüm wakalaryň hronologiýasy

1881-nji ýylyň 18-nji ýanwary: Patyşa goşunynyň polkownik Kuropatkiniň ýolbaşçylygyndaky harby otrýady Ashabad obasyny söweşsiz ele geçirýär hem-de onuň gündogar böleginde harby lager dikýär. (Çeşme: “Türkmenistanyň Russiýa birikdirilmegi”, 522 sah.)

1882-nji ýyl, 15-nji oktýabr: Asgabada ilkinji köçe çyralary dikilýär. 25 sany. (Türkmenistan SSR-niň Merkezi Arhiwi, fond:I, inw. 2, bukja:5162, list:1, Aşgabat – 1881-1975 ý.)

1883-nji ýyl, 6-njy sentýabr: Moskwadan Aşgabada ilkinji söwda kerweni gelip düşýär. (Türkmenistanyň Russiýa birikdirilmegi, 670 sah.)

1884-nji ýyl, 21-nji awgusty: Aşgabadyň şol wagtky Skobelew meýdanynda ilkinji hususy dermanhana açyldy. (“Türkmenowedeniýe”, 1927 ý., 1-nji sany, 21-nji sahypa, Aşgabat – 1881-1975 ý.)

1887-nji ýyl, 1-nji ýanwar: Aşgabadyň “Daşköpri”, “Annenkowekoý” we “Merw” köçeleriniň arasynda meşhur Birinji parkynyň gurluşyk we guramaçylyk işlerine girişildi. (“Türkmenowedeniýe”, 1927 ý., 1-nji synçy, 22-nji sahypa, Aşgabat – 1881-1975 ý.) Bu seýilgähe ýerlilere girmek gadagan edilipdir.

1888-nji ýyl, 1-nji ýanwary: Aşgabadyň köçelerinde täze polisiýa işgärleri peýda boldy: Bazar polisiýasy bazarlara gözegçilik etdi. (“Türkmenowedeniýe”, 1927 ý., 1-nji synçy, 23-nji sahypa, Aşgabat – 1881-1975 ý.)

1891-nji ýyl, 29-30-njy mart: 29-njy martdan 30-njy marta geçilen gije şäherde ilkinji gezek ilat ýazuwy geçirildi. (“Türkmenowedeniýe”, 1927 ý., 4-nji synçy, 40-nji sahypa, Aşgabat – 1881-1975 ý.)

1891-nji ýyl, 20-nji dekabr: Ilkinji ýatymlyk kiçi myhmanhana açyldy. Bahasy bir gije üçin şol wagtky pul bilen 3 köpüge durýardy. (“1893-nji ýyl üçin Zakaspiý oblasty boýunça hasabat”)

1892-nji ýyl, aprel: Ilkinji meteorologiýa stansiýasy guruldy. (Türkmenistan SSR-niň Merkezi Arhiwi, fond:I-1, inw. 2, bukja:6254, list:1, Aşgabat – 1881-1975 ý.)

1892-nji ýyl, 6-njy iýun-7-nji awgust: 6-njy iýunda iki adam holera keselinden aradan çykdy. Şäherde karantin yglan edildi. 22-nji iýuldan 23-nji iýula geçilen gije hassahana täze hassa kabul edip bilmedi. 26-njy iýula çenli üç günüň dowamynda 661 adama kesel ýokaşdy, 340 adam öldi. 30-31-nji iýulda şähere güýçli ýagan ýagyşdan soň epidemiýa gowşady. 7-nji awgustda iň soňky hassa hasaba alyndy. (“Türkmenowedeniýe”, 1927 ý., 4-nji sany, 40-nji sahypa, Aşgabat – 1881-1975 ý.)

1892-nji ýyl, 1-nji noýabr: Gyzlar üçin iki ýyllyk hünär mekdebi açyldy. (Türkmenistan SSR-niň Merkezi Arhiwi, fond:I-1, inw. 2, bukja:7124, list:22, Aşgabat – 1881-1975 ý.)

1892-nji ýyl, 3-4-nji dekabr: 3-nji dekabrdan 4-nji dekabra geçilen gije şäherde neşekeşlere garşy reýd geçirildi. Oňa 6 ofiser, 22 türkmen atlysy we 140 pyýada goşun gatnaşdy. Netijede 37 tirýeki saklandy. (“Türkmenowedeniýe”, 1927 ý., 4-nji sany, 41-nji sahypa, Aşgabat – 1881-1975 ý.)

1892-nji ýyl: Ýylyň ahyryna çenli Ashabatda üç musulman mekdep hereket edýärdi. Olarda 59 oglan, iki gyz, jemi 61 okuwçy okaýardy. Üç mekdebiň hiç haýsynda rus dilinde sapak geçilmeýärdi. Okuwçylar Gurhan okamagy we parsça ýazmagy öwrenýärdi. Okuw tölegi aýlyk şol wagtyň puly bilen 1 rubl 50 köpükdi. (Türkmenistan SSR-niň Merkezi Arhiwi, fond:I-1, inw. 2, bukja:7124, list:25, Aşgabat – 1881-1975 ý.)

1892-nji ýyl: Şäheriň iki ýyllyk hünär mekdebi üç ýyllyk mekdebe öwrüldi. Mekdepde 95 okuwçy bilim alýardy. Olaryň 64 göterimi ruslar, 16 göterimi ermenilerdi, hem-de olaryň arasynda ýekeje türkmen oglan bardy. (Türkmenistan SSR-niň Merkezi Arhiwi, fond:I-1, inw. 2, bukja:7124, list:29, Aşgabat – 1881-1975 ý.)

1892-nji ýyl: Asgabadyň golaýynda, Köşi obasynyň töwereginde ilkinji bagçylyk mekdebi açyldy. (Türkmenistan SSR-niň Merkezi Arhiwi, fond:I-1, inw. 2, bukja:7124, list:32-33; Aşgabat – 1881-1975 ý.)

1893-nji ýyl, 27-nji maý: Rus patyşasynyň Tährandaky ilçisi bilen parslaryň arasynda şol wagt Pars şalygyna degişli Pöwrüze jülgesini Ashabad uýezdini çägine geçirmek barada konwensiýa gol çekildi.

1893-nji ýyl, 3-nji noýabr: Asgabatda ilkinji ýetimler öýi dabaraly açyldy. Oňa ilki açylanda 16 çaga kabul edildi, ýylyň ahyryna çenli 22 çaga mekdebe ýazyldy. (1893-nji ýyl üçin Zakaspiý oblasty boýunça hasabat, 2 sah.)

1894-njy ýyl, 1-nji ýanwar: Asgabadyň köçelerine dikilen çyra sütünleriniň sany 246-a ýetdi. (1893-nji ýyl üçin Zakaspiý oblasty boýunça hasabat, 202 sah.)

1895-nji ýyl, 5-nji maý: Zakaspiý oblastynda ilkinji köpçülik kitaphanasy açyldy. (1890-1896-njy ýyllar üçin Zakaspiý oblasty boýunça hasabat, 519 sah.)

1895-njy ýyl: Döwlet bankynyň bölümi açyldy. (“Türkmenistan SSR-niň taryhy”, 1-nji jilt, 158 sah., Aşgabat – 1881-1975 ý.)

1897-nji ýyl, 25-nji dekabr: Asgabatdan Maşada çekilen telegraf işe başlady. (“Turkestanskiý wedomosti”, 1897 ý, 25-nji dekabr, Aşgabat – 1881-1975 ý.)

1898-nji ýylda: Asgabadyň golaýyndaky Köşi obasynda oba hojalyk tejribe merkezi döredildi. (“Türkmenistan SSR-niň taryhy”, 1-nji jilt, 352 sah., Aşgabat – 1881-1975 ý.)

1898-nji ýyl, 17-nji mart: Zakaspiý oblastynda ilkinji muzeýiň resmi açylyşy boldy. (Türkmenistan SSR-niň Merkezi Arhiwi, fond:I-1, inw. 2, bukja:7237, list:3; Aşgabat – 1881-1975 ý.)

Rewolýusion kružoklar

1904-nji ýylyň güýzünde Aşgabatda rewolýusion kružoklar, öwrülişikçi gurnaklar peýda bolup başlaýar. 1904-nji ýylyň ahyrlarynda kružoklarda sosial-demokratlar ýeňiş gazanýar we şondan soň gurnaklar “Asgabadyň sosial-demokratlar topary” atlandyrylýar. (Aşgabat – 1881-1975 ý.)

Asgabatda sowet hökümeti 1917-nji ýylyň dekabrynda häkimiýet başyna geçýär. 1918-nji ýylyň iýulynda Asgabatda menşewkiler we sagçylar gozgalaň turuzýar. Şondan soň “Zakaspiýniň ak gwardiýaçy hökümeti” Asgabatda tas bir ýyl häkimiýet başynda galmagy başarýar. Ýöne bu syýasy wakalara ýerli halk nä derejede garylyp-gatyldy? Dünýä Türkmenleriniň ozalky sanlary “aklar” we “gyzyllar” düşünjesiniň türkmenleriň arasynda alasarmyk ahwalat döredişinden söhbet açdy.

1919-njy ýylyň 9-njy iýulynda Asgabat ýene Gyzyl goşunyň eline geçýär we şondan soň ol Poltarsk atlandyrylýar. 1927-nji ýylyň aprelinde şähere Aşgabat ady gaýtarylyp berilýär.

“Geň mesele”

28-nji ýanwarda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hally Aşgabadyň esaslandyrylan güni barada öňe sürülýän çaklamalara pikir beýan etdi. Ol modern Aşgabat ilki esaslandyrylanda işe girizilen şäher hyzmatlarynyň ilkibada ýerli halka elýeterli edilmändigini aýtdy:

“Aşgabadyň 140 ýyllygynyň bellenilmegi bir jedelli mesele, sebäbi, meseläniň iki tarapy bar: eger-de, Aşgabada oturymly ýer hökmünde garalsa, onuň taryhy gaty uly. Hakykatdan hem ol baryp 2 müň ýyl, hatda ondan hem aňyrdaky döwürleri öz içine alýar. Sowet döwründe Sergeý Agajanow diýip bir taryhçy alym bardy, şonuň işlerinde-de şol meseleler giňden gozgaldy. Ondan soňky döwrüň taryhçylary aýdyp geçdiler. Aşgabat gaty irki ýer, gaty irki zamanyň mesgeni. Eger-de Aşgabat obasynyň ornuna gurlan şäheri alsaň, oňa hakykatdan hem 140 ýyl bolýar. Sowetler döwründe Aşgabat şäheriniň 100 ýyllygy bellenipdi. Hakykatdan hem Gökdepe söweşinden soň Skobelew Gorka depesiniň üstünde çadyr gurapdyr. Şol ýeri özüniň merkezi hasap edipdir. Şondan soň töwerekdäki Aşgabat obasyny şähere öwürmek plany başlanypdyr. Ol ýuwaş-ýuwaşdan şäher bolupdyr. Ol ýere demir ýol gelipdir. Ýöne esasy bir bellemeli zat: ilki döwürlerde türkmenlere şol şäher mümkinçiliginden peýdalanmaga hiç hili şert ýok ekeni. Häzirki aýdylýan Birinji parkyň alnynda şeýle ýazgy bolupdyr: “Şu parka soldatlar, itler hem “tuzemesler”, ýagny ýerli adamlar girmeli däl” diýlip ýazylypdyr. Onsoň, şeýle kemsitmeler bar ýerinde şeýle şäheri döreden adamlar üçin, meselem, 100 ýyllygy ýa-da 140 ýyllygy diýip, ony belläp bolarmy? Ine, şol gaty geň mesele” diýip, ýazyjy Hudaýberdi Hally aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG