Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusyň oppozisiýa lideri, Nobel baýragyna hödürläni üçin, Litwanyň prezidentine sagbol aýdýar


Swetlana Tihanowskaýa
Swetlana Tihanowskaýa

Belarusyň oppozisiýa lideri Swetlana Tihanowskaýa Litwanyň prezidenti Gitanas Nauseda özüni we "Belarusyň ähli halkyny" parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna dalaşgär görkezenligi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Tihanowskaýa 30-njy ýanwardaky twitter ýazgysynda bu teklibi “Belarus bilen raýdaşlygyň ajaýyp beýany we geçen awgust aýyndan bäri azatlyk ugrunda alyp barýan we bütin dünýäni ruhlandyrýan parahatçylykly göreşimiziň ykrar edilmegi” diýip atlandyrdy.

Onlarça ýyl bäri häkimiýet başynda oturan Aleksandr Lukaşenka saýlawlarda Tihanowskaýadan üstün çykandygyny aýdýar we protetçileriň täze saýlaw geçirmek baradaky talaplaryna gulak asmaýar.

"Roýters" habar gullugynyň meseleden habarly çeşmä salgylanyp ýazmagyna görä, Nauseda Belarusyň demokratik hereketini we onuň azat saýlaw geçirmek baradaky talabyny goldaýandygyny görkezmek üçin Tihanowskaýany baýraga hödürledi.

Saýlawdan soň howpsuzlyk aladalary esasynda Litwa giden Tihanowskaýa özüniň we tarapdarlarynyň ýeňiş gazanandygyny aýdýar.

Hünäri boýunça iňlis dili mugallymy we türmedäki blogçy Siarheý Tihanowskiniň aýaly Wilnýusdan kampaniýasyny dowam etdirdip, belaruslylary Lukaşenkanyň işden çekilmegine çagyrmaga, türmä basylan demonstrantlaryň boşadylmagyny we azat saýlawlaryň geçirilmegini talap etmäge ruhlandyrdy.

Şu ýyl parahatçylyk boýunça Nobel baýragyna dalaşgär hödürlemek 31-nji ýanwarda tamamlanýar. Ýeňijiniň noýabr aýynda yglan edilmegi meýilleşdirilýär.

XS
SM
MD
LG