Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus prokurory Nawalnynyň şertli tussaglygyny hakykysyna öwürmegi soraýar


31-nji ýanwarda Orsýetiň dürli künjeklerinde geçirilen protest ýörişlerinde müňlerçe adam tussag edildi.
31-nji ýanwarda Orsýetiň dürli künjeklerinde geçirilen protest ýörişlerinde müňlerçe adam tussag edildi.

Orsýetiň prokuraturasy 1-nji fewralda ýurduň türme häkimiýetleriniň Alekseý Nawalnynyň şertli tussaglygyny hakyky türme möhletine öwürmek baradaky haýyşyny goldaýandygyny aýtdy.

Rus oppozisiýa syýasatçysy ogurlyk aýyplamasy esasynda iş kesilip, şertli tussaglyk hakynda çykarylan hökümiň şertlerini bozmakda aýyplanyp, 30 gün tussaglykda saklanýar we 3,5 ýyl azatlykdan mahrum edilip bilinýär. Nawalny özüne garşy gozgalan işi galplaşdyrylan diýip hasap edýär.

Gözegçilik topary OVD-Info, 31-nji ýanwarda Orsýetiň dürli künjeklerinde geçirilen protest ýörişlerinde 5 135 adamyň tussag edilendigini, polisiýanyň Moskwada we beýleki ýerlerde ýörişleri dargatmak üçin zorluk ulanandygyny habar berdi.

Ikinji dynç güni on müňlerçe raýat sowuk howada Nawalnyny goldamak we prezident Wladimir Putiniň hökümetinden nägileligini bildirmek üçin korrupsiýadan başlap, durmuş derejesiniň peselmegine çenli meseleler boýunça nägilelik bildirdi.

Orsýetiň sudy korrupsiýa garşy göreşýän Alekseý Nawalnynyň aýaly Ýuliýa öz adamsyny goldamak üçin hepdäniň ahyrynda rugsat berilmedik ýörişlere gatnaşandygy üçin jerime saldy.

Moskwanyň Şerbinskiý sudunyň karary on müňlerçe raýatyň sowuk howa we tutha-tutluklara garamazdan, Alekseý Nawalnyny goldamak we hökümete nägileligini bildirmek üçin protest ýörişlerine gatnaşmagynyň ertesi 1-nji fewralda yglan edildi. Ýuliýa Nawalnaýa 20 000 rubl (265 dollar) möçberinde jerime salyndy.

XS
SM
MD
LG