Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lukaşenka garşy protestler dowam edýärkä, Belarus polisiýasy 160-dan gowrak adamy tussag etdi


Protest aksiýasy, Minsk, 30-njy ýanwar, 2021
Protest aksiýasy, Minsk, 30-njy ýanwar, 2021

Belarusyň polisiýasy 31-nji ýanwarda uzak wagtlap ýurdy dolandyrýan diýdimzor Alýaksandr Lukaşenkany işinden aýrylmaga çagyrýan protestçileriň demonstrasiýasy wagtynda 160-dan gowrak adamy tussag etdi.

Wideoda polisiýanyň demonstrantlary ýollarda tutup, mikroawtobuslara salýandygyny görmek mümkin. Başga bir wideoda polisiýanyň howlularyň içinde jaýlaryň arasynda barýan demonstrantlary kowalaýandygy görkezilýär.

Tussag edilenleriň arasynda şweýsariýaly žurnalist Luzia Tçirki saklandy. Ol Şweýsariýanyň ilçihanasynyň goşulmagyndan soň birnäçe sagatlyk tussaglykdan boşadyldy.

Belaruslylar 9-njy awgustda geçirilen prezident saýlawlaryndan bäri Lukahsenka garşy nägilelik bildirmek üçin yzygiderli köçelere çykýarlar we saýlawlaryň galplaşdyrylandygyny aýdýarlar.

Geçen ýyl 26 ýylyň dowamynda ýurdy dolandyran Lukaşenka garşylyk bildirmek üçin her hepde geçirilen demonstrasiýalara 100 000 töweregi adam gatnaşdy.

Lukaşenka öz raýatlaryna rehimsiz basyş etmek we şol sanda on müňlerçe adamy tussag etmek arkaly häkimiýete ýapyşmagyny dowam etdirdi.

XS
SM
MD
LG