Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Blinken Nawalnynyň tarapdarlarynyň basylyp ýatyrylmagyny tankytlady


ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken
ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken

ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken Russiýada tussaglykda saklanýan oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnynyň azat edilmegini talap edip köçelere çykan protestçilere garşy rezin dürbiler we göz ýaşyrdyjy gaz ulanylandan soňra, prezident Jo Baýdeniň administrasiýasynyň Moskwa garşy mümkin çäreleri seljerýändigini aýtdy.

Blinken bu barada 1-nji fewralda telewideniýede söhbetdeşligiň dowamynda çykyş etdi, şeýle-de “gazaply basyp ýatyrmalar bilen juda aladalanýandygyny” aýtdy.

Mundan başga-da, Blinken Hytaýyň Hong Kong babatynda “gözçykgynç” ýagdaýda hereket edýändigini belledi. Şeýle-de, ol Eýranyň ençeme aýyň dowamynda ýadro ýaragy üçin zerur bolan böleklere bölünýän materialy öndürmek mümkinçiliklerine eýe boljakdygyny duýdurdy.

Russiýanyň Daşary işler ministrligi protestleriň arkasynda Waşingtonyň durandygyny öňe sürdi we “Russiýanyň içerki işlerine gödek goşulmakda” aýyplady.

“Eger-de Russiýanyň hökümeti munuň biz bilen ilteşiklidigine ynanýan bolsa, ol uly ýalňyşlyk goýberýär. Bu olaryň özi bilen ilteşikli. Bu Russiýanyň halkynyň korrupsiýa, awtokratiýa baradaky nägilelikleri bilen ilteşikli. Meniň pikirimçe, olar ýurduň daşyna däl-de, içine nazar aýlamaly” diýip, Blinken NBC News telekanalyna beren interwýusynda aýtdy.

Blinken Moskwa garşy girizilip bilinjek jikme-jik sanksiýalar barada hiç zat aýtmady.

XS
SM
MD
LG