Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow: “Dünýäde emele gelen ýagdaýlar” ýurduň önümçilik we maliýe görkezijilerine ýaramaz täsir ýetirdi


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow anyklaşdyrmazdan “dünýäde bolup geçýän wakalar” diýip häsiýetlendiren ýagdaýlary sebäpli, energetika bazarlarynda durnuksyzlygyň ýüze çykýandygyny, şeýle-de "dünýäde emele gelen ýagdaýlaryň" ýurduň önümçilik we maliýe görkezijilerine ýaramaz täsir ýetirýändigini aýtdy.

Berdimuhamedow bu barada 2-nji fewralda ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça geçiren iş maslahatynyň dowamynda çykyş etdi. Ol nebitiň bahasynyň aşak düşmegi sebäpli, ýurduň nebitgaz toplumynyň eksport edýän esasy harytlarynyň biri bolan, nebit önümleriniň nyrhynyň peselýändigini hem aýtdy.

Prezidentiň bu çykyşy Türkmenistanda eýýäm ençeme ýyl bäri dowam edýän ýiti ykdysady krizisiň, gymmatçylygyň we gytçylygyň, şeýle-de gara bazarda manadyň dollara görä günsaýyn hümmetsizlenmeginiň arasyna gabat geldi.

Bellemeli ýeri, türkmen häkimiýetleri ýurtdaky ykdysady krizisi, raýatlaryň kösençliklerini açyk boýun alman gelýärler.

Mundan başga-da, maslahatyň dowamynda Berdimuhamedow birnäçe emeldara, ýagny:

“Wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin” diýen kesgitleme bilen Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Myratgeldi Meredowa, “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanowa we “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy Güýçgeldi Baýgeldiýewe berk käýinç yglan edildi.

Şeýle-de “geçen ýylda ýaramaz netijeleriň gazanylandygy üçin” diýlip, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy Merdan Rozyýewe hem-de Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory Döwran Çişiýewe berk käýinç yglan edildi.

Berdimuhamedow Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň gurlandygyna garamazdan, geologiýa-gözleg, nebitgaz çykaryş we gaýtadan işleýiş ulgamlarynyň ýokary derejeli hünärmenler bilen talabalaýyk üpjün edilmeýändigini hem aýdy.

XS
SM
MD
LG