Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB diplomaty Nawalny babatynda hem-de protestleriň basylyp ýatyrylmagy boýunça “anyk talaplar” bilen Moskwa barýar


ÝB-niň daşary syýasat başlygy Josep Borrell
ÝB-niň daşary syýasat başlygy Josep Borrell

Oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnynyň tussag edilmegi hem-de protestçileriň basylyp ýatyrylmagy boýunça Günbatar ýurtlarynyň edýän berk tankydynyň arasynda Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat başlygy Josep Borrell üç günlük sapar bilen 4-nji fewralda Moskwa barýar.

Borrelliň rus resmileri bilen geçirýän gepleşikleriniň baş temasy Russiýanyň Nawalna çemeleşigi hem-de demonstrantlary basyp ýatyrmagy bolar. Nawalnynyň tussag edilmegi we türmä basylmagy ýurt boýunça müňlerçe adamlyk demonstrasiýalary tutaşdyrdy.

Borrell saparyň dowamynda “anyk talaplaryny” Kremle ýetirjekdigini nygtaýar. Bu sapar 2017-nji ýyldan bäri ýokary derejeli bir ÝB wekili tarapyndan Russiýa amala aşyrylan ilkinji sapardyr.

Moskwa Nawalnynyň boşadylmagy boýunça edilen çagyryşlara gulak asmaýar. Awgustda nerw agenti bilen zäherlenensoň, Germaniýada bejergi alýan wagty ozal çykarylan hökümiň şertlerini bozany üçin Nawalny 2-nji fewralda tas üç ýyl töweregi möhlet bilen türme tussaglygyna höküm edildi.

Russiýanyň daşary işleri ministri Sergeý Lawrow 3-nji fewralda Günbatary karara reaksiýa bildirende “çenden aşmakda” aýyplady.

Kreml hem Moskwa basyş etmek üçin edilýän islendik tagalla babatynda öz pozisiýasyny anyk mälim etdi.

Metbugat wekil Dmitriý Peskow Moskwa Brýussel bilen gatnaşyklary ösdürmek üçin “her zat etmäge taýýar”, ýöne Kreml Nawalny meselesinde “öwüt-nesihat diňlemäge taýýar däl” diýdi.

XS
SM
MD
LG