Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Jeými Flaý Azat Ýewropa/Azatlyk radiosyna gaýtadan ýolbaşçy bellendi


 Jeými Flaý
Jeými Flaý

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň (AÝ/AR) Direktorlar Geňeşi Jeými Flaýy media korporasiýasynyň prezidenti we baş müdiri wezipesine belledi. Ol 16-njy fewralda işe başlar. 2020-nji ýylyň iýun aýynda wezipesinden boşadylan Flaý Azatlyk radiosyna gaýtadan ýolbaşçylyk edip başlaýar.

"Häzirki çylşyrymly döwürde media korporasiýasyna ýolbaşçylyk etmek üçin Azatlyk radiosynyň prezidenti wezipesine gaýdyp gelmegime örän şat” diýip, Flaý aýtdy.

Ol pandemiýa we beýleki kynçylyklara garamazdan, hemmelerden beter mätäç adamlara dogruçyl we dürs maglumatlary bermek tagallalaryny dowam etdirýän žurnalistlere we işgärlere buýsanýandygyny aýtdy. "Olar bilen ýen bilelikde işlemek meniň üçin uly hormat bolar" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Flaý Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň prezidenti wezipesine ilkinji gezek 2019-njy ýylyň awgust aýynda bellendi. Ol geçen ýylyň iýun aýynda özüniň wezipesinden boşadylýandygyny mälim etdi. Ony wezipesinden boşatmak baradaky karar ABŞ-nyň Global Media gullugynyň şol wagtky başlygy Maýkl Pak tarapyndan kabul edildi.

Daşary syýasat boýunça hünärmen bolan Flaý mundan öň Herman Marşal gaznasynda we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Kongresinde işledi, Milli Howpsuzlyk Geňeşinde we ABŞ-nyň Goranmak ministrliginde dürli ýolbaşçy wezipeleri ýerine ýetirdi.

XS
SM
MD
LG