Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG-niň hasabaty: Eýran, Demirgazyk Koreýa raketa hyzmatdaşlygyny täzeden ýola goýdular


Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un uzak aralyga niýetlenen raketanyň uçuşyna synlaýar. 2016 ý.
Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Un uzak aralyga niýetlenen raketanyň uçuşyna synlaýar. 2016 ý.

Eýran we Demirgazyk Koreýa uzak aralyga niýetlenen raketalary özleşdirmek boýunça geçen ýyl hyzmatdaşlygyny ýaňadandan ýola goýdular diýip, BMG-niň hasabatynda aýdylýar.

“Täzeden başladylan hyzmatdaşlygyň çäginde möhüm serişdeler hem daşaldy. Munuň bilen bagly soňky ýük daşalyşy 2020-nji ýylda amala aşyryldy” diýip, Demirgazyk Koreýa garşy girizilen halkara sanksiýalara gözegçilik edýän BMG-niň ekspertleriniň garaşsyz paneliniň 8-nji fewralda Howpsuzlyk geňeşine hödürlän hasabatynda bellenilýär.

Hasabatda atlandyrylmadyk BMG-niň bir agzasyna salgylanyp, Demirgazyk Koreýa bilen Eýranyň “uzak aralyga niýetlenen raketalary özleşdirmek boýunça hyzmatdaşlygyny täzeden ýola goýandygy” nygtalýar.

Muňa jogap edip, Eýranyň BMG-däki ilçisi Majid Takht Rawançi hasabatyň deslapky netijeleri boýunça dekabrda çykyş edip, derňewiň dowamynda “ýalňyş we toslanan maglumatlaryň” ulanylan bolmagynyň mümkindigini aýtdy.

ABŞ uzak wagtdan bäri Demirgazyk Koreýany we Eýrany raketalary özleşdirmek boýunça hyzmatdaşlyk etmekde aýyplaýar.

XS
SM
MD
LG