Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lukaşenka köpçülikleýin protestlerden aman galmak üçin sowetleriňkä meňzeş “Halk ýygnagyny” geçirýär


Alýaksandr Lukaşenka
Alýaksandr Lukaşenka

Alýaksandr Lukaşenka reformalary we öňümizdäki bäş ýylda amala aşyryljak ösüşleri, şol sanda konstitusiýa girizilmegi ahmal üýtgetmeleri maslahat etmek üçin sowetleriňkä meňzeş “Ählibelarus halk ýygnagyny” geçirýär. Bu çäre onuň öz dolandyryşyna garşy dowam edýän köpçülikleýin protestlerden aman galmak üçin geçirilýän çäre ýaly bolup görünýär. Awtoritar lider protestler boýunça Günbatary aýyplaýar.

1994-nji ýyldan bäri ýurdy dolandyrýan 66 ýaşly Lukaşenka 11-nji fewralda öz işine başlan iki günlük maslahaty açyp, Belarusa garşy edilen daşary ýurt “hüjüminiň” şowsuz bolandygyny aýtdy.

“Biz ýurdumyzy saklap galmagy başardyk. Häzirlikçe. Biz hökman saklanmaly, her näme-de bolsa. 2021-nji ýyl aýgytly ýyl bolar” diýip, ol esasan hökümete tarapdar resmilerden hem-de häkimiýetler tarapyndan saýlanan adamlardan ybarat 2,700 töweregi delegatyň öňünde eden çykyşynda aýtdy.

Lukaşenkanyň garşydaşlary bu çäräni onuň häkimiýet başynda galmagyna ýardam bermek üçin geçirilýän galp çäre atlandyrýar. Geçen ýyl geçirilen prezident saýlawynda Lukaşenka özüni ýeňiji yglan etdi. Oppozisiýa liderleri we Günbatar saýlawyň galplaşdyrylandygyny aýtdy.

ABŞ-nyň Belarusdaky ilçihanasy 11-nji fewralda beýanat ýaýradyp, maslahatyň “ne hakykydygyny, ne-de belarus garaýyşlaryny öz içine alýandygyny, şonuň üçin onuň ýurtda dowam edýän syýasy krizise çözgüt hödürlemeýändigini” aýtdy.

XS
SM
MD
LG