Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýadro ylalaşygy ýene bozulansoň, Russiýa Eýrany “saklanmaga” çagyrýar


Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň baş direktory Rafael Grossi
Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň baş direktory Rafael Grossi

BMG barlagçylary Eýranyň az mukdarda uran metalyny öndürip başlandygyny aýdandan soňra, Russiýanyň daşar işleri ministriniň orunbasary Sergeý Rýabkow Eýrany “saklanmaga” çagyrdy. Eýranyň az mukdarda uran metalyny öndürip başlamagy Tähranyň 2015-nji ýylda dünýä güýçleri bilen gol çeken ýadro ylalaşygynyň ýene bir gezek bozulmagydyr.

“Biz olaryň öz hereketleriniň aňyrsyndaky mantyga we Eýrany şeýle çäreleri görmäge iterýän sebäplere düşünýäris. Ýöne muňa garamazdan, saklanmak we jogapkärçilikli çemeleşmek zerurdyr” diýip, "RIA Nowosti" döwlet habar gullugyna görä, Rýabkow 11-nji fewralda aýtdy.

Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň baş direktory Rafael Grossiniň 10-njy fewralda agza ýurtlara habar bermegine görä, BMG-niň atom energiýasy boýunça gözegçisiniň barlagçylary Yspyhanda bir desgada 3,6 gram uran metalynyň öndürilendigini şu hepde tassyklady.

Ylalaşygyň täzeden bozulmagy Tähranyň ABŞ prezidenti Jo Baýdeniň täze administrasiýasyna basyşy artdyrmak isleýän wagtyna gabat gelýär.

Eýranyň uran metaly az möçberde we baýlaşdyrylmadyk bolsa-da, ony ýadro ýaragynyň özenini emele getirmek üçin ulanmak mümkin.

Eýran, ABŞ, Hytaý, Russiýa, Germaniýa we Britaniýa tarapyndan gazanylan ýadro ylalaşygy Eýranyň “pluton we uran metallaryny, ýa-da olaryň garyndylaryny edinmegini we öndürmegini” 15 ýyl gadagan edýär.

Öňki prezident Donald Tramp 2018-nji ýylda ABŞ-ny ýadro ylalaşygyndan çekdi we Tährana garşy agyr sanksiýalary täzeden girizdi. Muňa jogap edip, Tähran ýuwaş-ýuwaşdan ylalaşygy bozdy.

XS
SM
MD
LG