Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Berdimuhamedow nebit-gaz, oba hojalyk we habar ýolbaşçylaryny täzeledi


Myratgeldi Meredow “işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin” hökümet başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 11-nji fewralda Ministrler kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirip, ogly Serdary wise-premýerlige bellemek bilen bir hatarda, nobatdaky kadr çalyşmalaryny yglan etdi.

Myratgeldi Meredow “işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin” hökümet başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy we nebit-gaz toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň wezipesine Şahym Abdrahmanow bellenildi. Ol bu wezipä Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory wezipesinden geldi.

Şeýle-de prezident, pensiýa gitmegi sebäpli, B.Amansaryýewi Döwlet habarlar agentliginiň başlygy wezipesinden boşatdy. TDH-nyň ýolbaşçysy wezipesine “Watan” gazetiniň baş redaktory bolup işlän M.Gazakbaýew bellenildi.

M.Baýramdurdyýew, işde goýberen kemçilikleri üçin, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri wezipesinden boşadyldy. Onuň ýerine öňki orunbasary A.Altyýew ministr bellenildi.

Mejlisiň dowamynda başga-da birnäçe kadr çalyşmasy yglan edildi.

Türkmenistanda soňky otuz ýylda ýokary derejeli kadrlar yzygiderli täzelenýär we olaryň nähili esaslarda wezipä bellenip, nähili anyk kemçilikleri üçin işden aýrylýandygy aýdyň däl. Kähalatda öňki resmileriň bir toparynyň soň türmä basylýandygy barada hem resmi bolmadyk maglumatlar bar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG