Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý COVID-19-yň ilkinji hadysalary baradaky maglumatlary BSG-ä bermeýär


Bütindünýä saglyk guramasynyň koronawirus keseliniň (COVID-19) gelip çykyşyny derňeýän agzalary Wuhandaky haýwan epidemiýasynyň öňüni alyş merkezine baryp görenlerinde şahsy gorag eşiklerini geýýärler.
Bütindünýä saglyk guramasynyň koronawirus keseliniň (COVID-19) gelip çykyşyny derňeýän agzalary Wuhandaky haýwan epidemiýasynyň öňüni alyş merkezine baryp görenlerinde şahsy gorag eşiklerini geýýärler.

Hytaý häkimiýetleri Bütindünýä saglyk guramasynyň hünärmenlerine koronawirus ýokuşmalarynyň ilkinji hadysalarynyň şahsylaşdyrylan maglumatlaryny bermekden ýüz öwürdi.

“The Wall Street Journal” bu habary BSG-niň pandemiýa ýagdaýlaryny derňeýän hünärmenlerine salgylanyp çap etdi.

Bilermenler Hytaýdan Wuhan şäherinde ýüze çykarylan 174 hadysanyň başlangyç, çig maglumatlaryny soradylar. Bu wirusyň ýurt çäginde haçan we haýsy tizlik derejesinde ýaýrap başlandygy barada netije çykarmaga kömek edip biljekdi.

Emma muňa derek, häkimiýetler hytaý alymlary tarapyndan eýýäm gaýtadan işlenen maglumatlaryň sykylan görnüşini berdiler.

"The Wall Street Journal" mundan öň, BSG derňewiniň deslapky netijelerine görä, täze koronawirus epidemiýasynyň resmi taýdan tassyklanylan wagtyndan iki aý öň başlanan bolmagynyň ähtimaldygyny habar berdi.

Hytaý häkimiýetleri maglumatlary bermekden ýüz öwürmeginiň sebäbini düşündirmedi.

XS
SM
MD
LG