Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystan: 2018-nji ýyldan bäri 65 žurnalist we adam hukuklaryny goraýjy öldürildi


Hyradyň golaýyndaky partlama, 14-nji fewral, 2021
Hyradyň golaýyndaky partlama, 14-nji fewral, 2021

Birleşen Milletler Guramasy soňky üç ýylda Owganystanda azyndan 65 žurnalistiň we adam hukuklaryny goraýjy aktiwistiň nyşana alnyp, öldürlendigini habar berdi.

BMG-nyň Owganystana kömek missiýasy 15-nji fewralda çap eden hasabatynda bu sana 32 adam hukuklaryny goraýjynyň we media serişdelerinde işleýän 33 adamyň degişlidigini aýtdy.

2018-nji ýylyň ýanwaryndan 2021-nji ýylyň ýanwaryna çenli döwre degişli hasabat "Talyban" söweşijileriniň hökümete we beýleki nyşanalara hüjümlerini güýçlendiren pursadyna gabat geldi.

Hasabatda "Talyban" gönüden-göni günäkärlenmeýär.

Missiýa žurnalistlere we metbugat işgärlerine edilen hüjümleriň olaryň işine erbet täsir ýetirendigini, köpleri işinden el çekmäge iterendigini habar berýär. Käbirler özleri we maşgalalary üçin howpsuzlygy üpjün etmek üçin ýurtdan gaçmaly boldular.

Soňky ýyllarda nyşana alnanlaryň arasynda Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugynyň habarçysy Muhammet Ilýas Daýi boldy. Ol noýabr aýynda ýurduň günortasyndaky Helmand welaýatynda ulagynda goýlan bomba ýarylanda wepat boldy.

XS
SM
MD
LG