ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken Yragyň Kürdüstan sebitine edilen raketa hüjümini derňemäge çagyrdy. Hadysada bir şertnamalaýyn gullukçy öldürildi, başga-da bäş adam, şol sanda ABŞ-nyň bir harby gullukçysy ýaralandy.
Blinken beýanat ýaýradyp, Birleşen Ştatlaryň bu hüjümi “gahar-gazap” bilen garşylandygyny aýtdy, şeýle-de muny “derňemek we jogapkärleri hasabata çekmek üçin ähli tagallalara goldaw berjekdigini” belledi.
Beýanatda, deslapky barlaglara görä, hüjümde bir raýat şertnamalaýyn gullukçynyň öldürilendigi we koalisiýanyň beýleki birnäçe agzasynyň, şol sanda Birleşen Ştatlaryň harby gullukçysynyň ýaralanandygy aýdylýar.
Blinken ABŞ-nyň öldürilen şertnamalaýyn gullukçysynyň ýakynlaryna, şeýle-de “bu rehimsiz gazaplylykdan ejir çekýän bigünä yraklylara we olaryň maşgalalaryna” gynanç bildirýändigni aýtdy.
Kürdüstanyň Içeri işler ministrligi raketalaryň Kirkuk welaýatynyň serhediniň golaýyndaky Irbiliň günortasyndan atylandygyny we olaryň aeroportyň golaýyndaky ýaşaýyş sebitine düşendigini aýtdy.
Harby resmiler hüjümiň kim tarapyndan amala aşyrylandygyny häzirlikçe bilmeýändiklerini aýtdylar.
Yragyň prezidenti Barham Salih muny “howply dartgynlylygy döredýän jenaýatçylykly terroristik hüjüm” atlandyrdy.
Эгер Бердимухаммедов хакыкатдан хем халкынын аладасыны эдйан президент болса , спутник вакцинасыны озлери алмалы ,ягны халкы ынандырмалы хакыкатданам шу вакцинанын хич хили побочный явлениесинин ве противопоказаниесинин екдыгыны субут этмели. Йоне Озлерине витамин урдырып вакцина урдыран ялы болманы ,инуграция доврундаки дунйан онунде эден касамыны , хемде берен вадаларыны ятлап ! Ондан башга-да Германиядан , Америкадан ве Хытайдан гошмача вакцина алмалы мейлетинлер учин ! Дунйаде дине Путин ве Кремльин олигархларындан башга-да адамлар яшаяндыгыны унутмалы дал . Достлыкдан чыкян тебигы байлыкларымызам шолара багыш эдйарлер .Венесуэлин ролыны инди Путин Туркменистанда ойнап , берилен санкциялара гаршы резервлерини беркитйармыка?