Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO-nyň goranmak ministrleri Owganystany maslahat edýärler


NATO-nyň we oňa ýurtlaryň baýdaklary
NATO-nyň we oňa ýurtlaryň baýdaklary

17-nji fewralda NATO-nyň goranmak ministrleriniň iki günlük maslahaty başlaýar. Bu Ýaranlygyň Owganystandaky hemaýat missiýasynyň geljegi baradaky alynmaly kararlaryň, şeýle-de Russiýadan we Hytaýdan abanýan kynçylyklaryň arasynda geçýär.

Bu ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň ýanwarda häkimiýet başyna geçeninden soňra NATO-nyň goranmak ministrleri derejesindäki ilkinji maslahaty bolar. Onuň dowamynda esasan Owganystanaky ýagdaýlaryň ara alnyp maslahat ediljekdigine garaşylýar.

Baýden Birleşen Ştatlaryň ABŞ-“Talyban” ylalaşygyna täzeden garap, jeňçi toparynyň öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirip-ýetirmeýändigini seljerýändigini aýtdy.

Ylalaşyga laýyklykda, jeňçi toparynyň Owganystanda howpsuzlygy kepillendirmeginiň öwezine, maýa çenli ýurtdan ähli halkara güýçleri çykarylmaly.

Sentýabrda owgan we “Talyban” araçylarynyň arasynda Katarda gepleşikleriň başlanmagyna garamazdan, Owganystanda gazaplylygyň gerimi artdy, netijede NATO güýçleriniň ýurtdan gereginden has ir çykarylýandygy baradaky aladalar hem döredi.

NATO-nyň baş sekretary Ýens Stoltenberg maýa çenli halkara güýçleriniň çykarylmagy üçin, “Talyban” jeňçileriniň Birleşen Ştatlar bilen gelen ylalaşygyna laýyklykda öz üstüne alan borçnamalary ýerine ýetirmek ugrunda has köp tagalla etmelidigini aýtdy.

Bu aralykda, 16-njy fewralda “Talyban” Amerikan halkyna açyk hat ugradyp, onda Waşingtony mundan bir ýyl ozal Katarda gelnen ylalaşyga ygrarly bolmaga çagyrdy.

Muňa jogap edip, Owganystanyň içeri işler ministri Siddik Siddiki “Talybanyň” söweş hereketlerini bes edip, diňe Owganystandan daşary ýurtly güýçleriň çykarylmagy ugrunda basyş etmän, eýse manyly parahatçylyk gepleşiklerini başlatmaga çagyryp, Twitter hasabynda ýazgy galdyrdy.

Geçen aý Pentagon “Talybany” ýurtda gazaplylygyň gerimini azaltmak we “Al-Kaýda” bilen baglaryny kesmek boýunça öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmezlikde aýyplady.

NATO-nyň goranmak ministrleri maslahatyň 18-nji fewralda tamamlanmagy bilen, uly bildiriş bilen çykyş etmezler.

Stoltenberg maslahatyň Ýaranlygy döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulýan reformalaryň tanyşdyrylyşy bilen açyljakdygyny mälim etdi.

XS
SM
MD
LG