Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hameneýi: Eýran ýadro ylalaşygynyň agzalaryndan ‘sözleri däl-de, hereketleri’ görmek isleýär


Eýranyň ýokary ruhany lideri Aýatolla Ali Hameneýi
Eýranyň ýokary ruhany lideri Aýatolla Ali Hameneýi

Eýranyň ýokary ruhany lideri Aýatolla Ali Hameneýi Eýranyň 2015-nji ýyldaky ýadro ylalaşygynyň agzalary tarapyndan “sözleri däl-de, hereketleri” görmek isleýändigini aýtdy. Bu çykyş ABŞ-nyň täze administrasiýasynyň ozalky prezident Donald Trampyň ýurdy çykaran ylalaşygyna ýaňadandan goşulyp bilmek mümkinçiliklerini mälim etmeginden soň edildi.

“Biz öň ýakymly sözleri we wadalary köp eşitdik. Emma iş ýüzünde olar berjaý edilmän, gaýtam tersine hereket edildi. Sözler we wadalar gowy däl. Bu gezek, biz beýleki tarapdan anyk hereketlere garaşýarys, biz hem öz gezegimizde hereket ederis” diýip, Hameneýi 17-nji fewralda telewideniýede eden çykyşynda aýtdy.

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýdeniň administrasiýasy ýadro ylalaşygyna dolanmak meýillerini mälim etdi, emma munuň üçin ilki bilen Eýranyň ylalaşygyň çäklerindäki borçnamalaryny doly berjaý etmelidigini aýtdy.

Tähran öňünden nähilidir bir şertiň goýulmagyny ret edýär.

Bu ylalaşyk Eýrana öz ýadro programmasyny jylawlamagyň ýerine sanksiýalardan boşamak mümkinçiligini beripdi.

XS
SM
MD
LG