Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Fransiýa, Britaniýa we Germaniýa bilen eýran ýadro ylalaşygyny maslahat eder


ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken
ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken

Birleşen Ştatlaryň, Germaniýanyň, Fransiýanyň hem-de Britaniýanyň baş diplomatlary 18-nji fewralda Eýran bilen arada 2015-nji ýylda gazanylan iri ýadro ylalaşygynyň geljegini maslahat ederler. Waşington bu ylalaşykdan 2018-nji ýylda çekildi.

Tähranyň Hytaý we Russiýa bilen bir hatarda dört Günbatar ýurdy bilen gol çeken ylalaşygy sanksiýalaryň ýatyrylmagynyň öwezine Eýranyň uran baýlaşdyrmak programmasynyň çäklendirilmegine çagyrdy.

Ýöne, ABŞ-nyň öňki prezidenti Donald Tramp ylalaşygyň şertleriniň Eýranyň ýadro ýaraglaryny ösdürmeginiň öňüni alardan gowşakdygyny aýdyp, 2018-nji ýylyň maýynda öz ýurduny ylalaşykdan çekdi we Eýrana garşy sanksiýalary täzeden güýje girizdi.

Eýran ýadro programmasynyň diňe raýat maksatlaryna gönükdirilendigini aýdyp, özüniň ýadro ýarag ösdürmegi meýilleşdirýändigini elmydama-da ret etdi.

Ylalaşyga gol çeken beýleki taraplar ony saklap galmaga synanyşyp gelýär. ABŞ ylalaşykdan çekilensoň, Tähran şertnama laýyklykda ylalaşylan çäkleri barha bozdy.

Germaniýanyň daşary işler ministri Heiko Maas, Britaniýanyň daşary işler ministri Dominik Raab hem-de Fransiýanyň daşary işler ministri Jean-Yves Le Drian Parižde gepleşik geçirerler. ABŞ-nyň täze döwlet sekretary Antoni Blinken duşuşyga wideoaragatnaşyk arkaly goşular.

XS
SM
MD
LG