Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Nawalnynyň tussaglygy sebäpli Orsýete garşy sanksiýa girizýär


Orsýetli oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnyý sudda, Moskwa, 20-nji fewral, 2021
Orsýetli oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnyý sudda, Moskwa, 20-nji fewral, 2021

Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleriniň 22-nji fewralda oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnynyň tussag edilmegi we ýaranlaryna basyşlaryň görkezilmegi sebäpli Orsýete garşy girizilen täze sanksiýalary tassyklamagyna garaşylýar.

Ýewropa Bileleşiginiň Brýusselde ýygnanan 27 agzasynyň ýokary derejeli diplomatlary, adam hukuklaryny bozýanlary jezalandyrmak üçin blogyň täze döredilen sanksiýa resminamasynyň çäginde maliýe aktiwleri doňdurmak we wiza gadaganlygyny ulanmak ýaly çäreler rus şahsyýetlerine we edaralaryna garşy gönükdirmegi ähtimal.

Bu ädim nerw agenti bilen zäherlenip, Germaniýada bejergi alan Nawalnyý geçen aýda Orsýete dolanyp baransoň prezident Wladimir Putiniň buýrugy esasynda tussag edilmegi bilen baglanyşykly.

Oktýabr aýynda ÝB Orsýetiň alty resmisini Nawalnynyň nerw agenti "Nowiçok" bilen zäherlenmegi sebäpli gara sanawa girizdi.

XS
SM
MD
LG