Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polisiýa söweşijiler Pakistan-Owganystan serhet sebitinde dört aýal aktiwisti öldürdi diýýär


Owganystanyň we Pakistanyň arasyndaky serhete golaý Günorta Waziristan regiony
Owganystanyň we Pakistanyň arasyndaky serhete golaý Günorta Waziristan regiony

Söweşijiler bolmakda güman edilýän adamlar Owganystan bilen serhetleşýän Pakistanyň demirgazyk-günbatar sebitinde hökümete degişli bolmadyk guramadan dört aýal aktiwisti alyp barýan ulagy gabady, olary öldürdi we sürüjini ýaralady.

Hüjüm 22-nji fewralda Demirgazyk Waziristan etrabynyň Mir Aly şäheriniň Ippi obasynda bolup geçdi diýip, Demirgazyk Weziristanyň polisiýa başlygy Şafiullah Gandapur Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Etrap polisiýa müdiri Şafi Ullah Han hem hüjümi tassyklady we howpsuzlyk güýçleriniň golaýdaky daglara gaçyp giden hüjümçileri tapmak üçin sebitde gözleg geçirýändigini aýtdy.

Hüjümiň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almady.

Resmiler pida bolan zenanlaryň öýlerinde işlemek isleýän aýal-gyzlara tälim berýän we olaryň arasynda hukuklary barada düşündiriş geçirýän "Sabawoon" haýyr-sahawat guramasynyň agzalarydygyny aýtdylar.

Zenan aktiwistler Haýber Pahtunhwa welaýatynyň Bannu şäherinden Mir Aly şäherine barýardy.

Pakistanly söweşijiler soňky aýlarda sebitdäki hüjümlerini güýçlendirip, öň "Talybanyň" galasy hasaplanýan ýerde gaýtadan birleşmegi baradaky gorkulary artdyrdy.

Söweşijiler köplenç Owganystan bilen serhetdeş sebitlerde pakistan goşunlaryna hüjüm edýärler.

XS
SM
MD
LG