Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AI, geçmişdäki 'ýigrenç sözleri' üçin, Nawalnynyň 'wyždan ýesiri' durumyny ýatyrýar


Rus oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalny
Rus oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalny

“Amnesty International” guramasy rus oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalny babatda biraz öňki kesgitlemesinden, ony "wyždan ýesiri" diýip atlandyrmakdan yza çekilendigini tassyk etdi.

Hukuk goraýjy gurama bu karara onuň zorlugy we diskriminasiýany öňe sürýän, ýigrenç sözlerini öz içine alýan çykyşlary sebäpli gelendigini belläp, muňa garamazdan, onuň tussaglykdan boşadylmagy üçin göreşmegi dowam etdirjekdigini aýtdy.

"Amnesty International" Alekseý Nawalnyny ozal bir zaman aýdan sözleri bilen baglanyşyklylykda wyždan ýesiri diýip atlandyrmagy bes etmek barada içerki karara geldi" diýip, “Amnesty International” guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa bölüminiň müdiriniň orunbasary Denis Kriwoşeýew AÝ/AR-a ýazmaça beren jogabynda aýtdy.

"Nawalnynyň aýdan we käbiri ýigrenji wagyz etmegiň bosagasyna baryp ýeten, şol bir wagtda açyk ýazgarmadyk sözleri Halkara günä geçiş guramasynyň wyždan ýesiri kesgitlemesi bilen bir ýere sygyşmaýa” diýip, Kriwoşeýew aýtdy.

Şeýle-de, "Biziň bilşimizden, Nawalny soňky ýyllarda şuňa meňzeş beýanatlary etmedi” diýip, Günä geçiş guramasy belledi.

Kriwoşeýew guramanyň gelen karary onuň Nawalnynyň "derrew boşadylmagy we Russiýanyň häkimiýetleri tarapyndan syýasy äheňli yzarlamalarynyň bes edilmegi üçin göreşmek kararyny üýtgetmeýär" diýdi.

44 ýaşly Nawalny 17-nji ýanwarda Berlinden bejergi alyp gelenden soň, Moskwanyň Şeremetewo howa menzilinde tussag edildi.

Ol sowet döwrüniň nerw agenti bilen zäherlenip, Germaniýada bejergi aldy. Nawalny rus prezidenti Wladimir Putiniň buýrugy esasynda, rus aňtaw gullugynyň işgärleri tarapyndan zäherlenendigini öňe sürýär.

XS
SM
MD
LG