Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Protestleriň dowamynda bir harby tarapyndan atylyp öldürilen belarusly polisiýa boýun egmezlikde günäli tapyldy


Beýleki bir aýyplanýan, Alýaksandr Kardzyuokowy 25-nji fewralda 10 ýyl möhlete türme tussaglygyna höküm edildi.
Beýleki bir aýyplanýan, Alýaksandr Kardzyuokowy 25-nji fewralda 10 ýyl möhlete türme tussaglygyna höküm edildi.

Kazyýet geçen ýyl protest ýörişlerinde bir goşun serkerdesi tarapyndan atylyp öldürilen belaruslyny kanun goraýjy edaralara boýun egmezlikde günäli tapdy.

Bu boýunça Brestiň sebit kazyýeti Swýatlana Kramýaneuskaýa 25-nji fewralda karar çykardy, ýöne günäli tapylan Henand Şutauwyň ölendigi sebäpli, ol barada höküm çykarmajakdygyny sözüne goşdy.

Kazy şol bir iş boýunça aýyplanýan Alaýksandr Kardzyuokowy kanun goraýjy edaralara garşy çykmakda hem-de bir kanun goraýjy işgäriň janyna kast etmäge synanyşmakda günäli tapdy we ony 10 ýyl möhlete türme tussaglygyna höküm etdi.

Kardzyuokow günäsini boýun almady. Ol hem-de Şutauwyň gyzy Anastasiýa kazyýetiň kararyna arz-şikaýat bildirjekdiklerini aýtdy. Anastasiýa sud işiniň dowamynda merhum kakasyna wekilçilik etdi.

Şutauwy atyp öldüren ofiser Raman Hawrylow hem-de beýleki bir osifer Arseniý Halitsyn kazyýet diňlenişiginde dawagär bolup çykyş etdi.

Goşun serkerdeleri 11-nji awgustda Brestde demonstrantlaryň zorluk bilen dargadylmagyna gatnaşdy. Ýörite goşun güýçleriniň komandiri general-maýor Wadzim Dzenisenka öz goşunlaryna polisiýa we howpsuzlyk güýçlerine ýardam bermegi buýruk beripdi.

Şutau iş başyndaky Alýaksandr Lukaşenkanyň uly ýeňiş öňe sürmeginden iki gün ozal, prezident saýlawlarynyň netijelerine garşy geçirilen bir protestde atylyp öldürildi.

XS
SM
MD
LG