Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putiniň gaýtadan saýlanmagyna garşy çykýanlaryň sany 2014-nji ýyldan bäri iň ýokary derejä çykdy


Wladimir Putin
Wladimir Putin

“Lewada merkeziniň” fewral aýynda geçiren pikir soramalaryna görä, orsýetlileriň 41 göterimi Wladimir Putiniň 2024-nji ýyldan soň prezident bolup galmagyny islemeýär.

Putiniň gaýtadan saýlanmagyny islemeýänleriň ýarysy prezidentiň wezipede aşa kän oturandygyny, bizar edendigini we onuň pensiýa çykmaly wagtynyň gelendigini aýdýar. Ýurt ýolbaşçysynyň çalşyrylmagyny korrupsiýa meselesi bilen düşündirýänler soraga gatnaşyjylaryň diňe 8 göterimini düzýär.

“Açyk media” bilen hyzmatdaşlykda düzülen soraglar esasyndaky pikir alyşmalar 18-nji fewraldan 24-nji fewrala çenli aralykda geçirildi. Oňa 18 ýaşdan geçen 1601 adam gatnaşdy.

Olar "Wladimir Putini 2024-nji ýyldan soň, häzirki prezidentlik möhleti gutarandan soňra Russiýanyň prezidenti hökmünde görmek isleýärsiňizmi ýa-da islemeýärsiňiz?" diýen soraga jogap berdiler.

Ilatyň aglaba köplügi Putiniň 2024-nji ýyldan soň prezident hökmünde saklanmagyny islemeýär. Soraga gatnaşanlaryň 48 göterimi onuň gaýtadan prezident saýlanmagyny isleýändigini aýtdy.

2013-nji ýylyň oktýabr aýynda geçirilen pikir alyşmalarda ilatyň 45 göterimi prezidentiň çalşylmagyny islän bolsa, üçden bir bölegi onuň gaýtadan saýlanmagyny isleýändigini aýtdy.

Bir ýyl soň, Krym anneksiýa edilenden soň, dolandyryjy topardaky üýtgeşmäni goldaýanlaryň sany 19 göterime çenli azaldy we pikiri soralanlaryň 58 göterimi Putiniň gaýtadan saýlanmagyny goldaýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG