Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti 8-nji martda aýal-gyzlaryň belli bir bölegine $2 bermegi buýurdy


Baýramçylyk konsertinde çykyş edýän aýdymçylar
Baýramçylyk konsertinde çykyş edýän aýdymçylar

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow halkara aýal-gyzlar baýramçylygynyň, 8-nji martyň hormatyna ýurduň aýal-gyzlaryna öz adyndan 60 manat sowgat bermegi buýurdy.

Buýruga laýyklykda, “eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda we guramalarda işleýän aýal-gyzlara, pensiýa we döwlet kömek puluny alýan aýal-gyzlara, önümçilikden aýrylmak şerti bilen aspiranturada, doktoranturada we kliniki ordinaturada okaýan aýal-gyzlara, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň iki okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli okuwlarynyň diňleýji aýal-gyzlaryna, talyp gelin-gyzlara, orta mekdeplerde okaýan we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzlara 2021-nji ýylyň 1-6-njy marty aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli 60 (altmyş) manat möçberde pul sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak” bellenildi.

Türkmenistanda dollaryň iki bahasy bolup, sowgat beriljek 60 manat döwlet kursunda 17 dollardan gowrak, gara bazar bahasynda 2 dollara golaý serişde bolýar. Geçen ýyl 8-nji martda berlen sowgadyň möçberi, manadyň hümmeti bilen baglylykda, 3 dollar çemesi bolupdy.

Bu sowgat, öňki ýyllaryň tejribelerine laýyklykda, öý hojalykçy aýal-gyzlara, mekdepde okamaýan, çagalar bagyna gatnamaýan gyzlara, şeýle-de hususy kärhanalarda işleýän zenanlara berilmeýär.

Hasaplamalara görä, ýurtdaky işsizleriň uly bölegini aýal-gyzlar düzýär.

Azatlygyň habarçysy bir hepde öň etrap ýerinde dükana baryp, 3 gyzyna 8-nji mart baýramy mynasybetli beriljek sowgadyň hasabyna haryt almaga synanan aýal barada habar berdi.

XS
SM
MD
LG