Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermeni protestçileri Paşinýanyň gitmegini talap edip, hökümet binasyna hüjüm edýärler


Oppozisiýa demonstrantlary Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýanyň işinden aýrylmagyny talap etmek üçin ýöriş geçirýärler, Ýerewan, 2021-nji ýylyň 27-nji fewraly.
Oppozisiýa demonstrantlary Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýanyň işinden aýrylmagyny talap etmek üçin ýöriş geçirýärler, Ýerewan, 2021-nji ýylyň 27-nji fewraly.

Premýer-ministr Nikol Paşinýanyň işinden aýrylmagyny talap edýän ermeni demonstrantlarynyň bir topary paýtagt Ýerewanda hökümet binasyna girdi.

Geçen ýyl Azerbaýjanyň we etniki ermeni güýçleriniň arasynda Daglyk-Garabag sebitiniň üstünde alty hepde dowam eden çaknyşykdan soň Paşinýan oppozisiýanyň onyň işinden aýrylmagyny talap edip geçirýän çykyşlaryna sezewar boldy.

Paşinýan noýabr aýynda Orsýetiň araçylygyndaky ot atyşlygy bes etmek baradaky şertnama gol çekip, Daglyk-Garabagda 44 gün dowam eden gazaply söweşiň soňuna çykdy. Regionda ýerli ermeni güýçleri Azerbaýjanyň Türkiýe tarapyndan goldanýan goşuny bilen söweşlerde territorial ýitgilere sezewar bolupdy.

Parlamentde köplügi emele getirýän "Meniň ädimim" partiýasynyň baştutany Paşinýan oppozisiýanyň irki saýlawlar baradaky talaplaryny ret etdi we maslahatlaşmaga çagyrdy.

Paşinýan geçen hepde ýokary derejeli harby resmileriň onuň özüniň we hökümetiniň iş başyndan çekilmegini talap etmegini "agdarylyşyk synanyşygy" diýip atlandyrdy we ýazgardy.

Premýer-ministr 1990-njy ýyllaryň başynda ermeni güýçleri tarapyndan basylyp alnan Daglyk-Garabagyň we Azerbaýjanyň töweregindäki ýedi etrapçanyň üstündäki gözegçiligi elden bermäge mejbur boldy, ermenileriň ençemesi muňa garşy boldy.

XS
SM
MD
LG