Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Halk Maslahatynyň saýlawlaryna taýýarlyk görýär


Mejlisiň binasy, Aşgabat (arhiw suraty)
Mejlisiň binasy, Aşgabat (arhiw suraty)

Türkmenistanda geçiriljek parlament saýlawlaryndan bir aý öň, häkimiýetler ses berişlige taýýarlyk görüp başladylar. Türkmen mejlisiniň ýokarky öýi Halk Maslahaty üçin saýlawlar 2021-nji ýylyň 28-nji martynda geçiriler.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi komissiýanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalaryny saýlamaga taýýarlyk boýunça ýygnagy 27-nji fewralda geçirildi.

Türkmenistanyň konstitusiýasyna girizilen üýtgetmelere laýyklykda döredilen täze mejlis Milli Geňeş diýlip atlandyryldy we Halk Maslahatyndan hem-de Mejlisden ybarat bolar.

Döwlet habar gullugy dalaşgärleri hödürlemek kampaniýasynyň 6-njy fewralda başlandygyny we şu güne çenli tutuş ýurt boýunça 111 kandidatyň hödürlenendigini habar berdi. Dalaşgärleriň sanawy çap edilmedi.

Halk Maslahatyna saýlawlara taýýarlyk baradaky ýygnakda aç-açanlygyň we saýlawlaryň giň alternatiwa esasda geçirilmeginiň ähmiýeti bellendi. Emma saýlawlara gözegçilik etmek işine halkara guramalaryň gatnaşmagy meselesiniň gozgalyp-gozgalmandygy barada resmi maglumatlarda agzalmady.

XS
SM
MD
LG