Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gökdepe etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy


Ahal welaýatynyň Gökdepe etraby (arhiw suraty)
Ahal welaýatynyň Gökdepe etraby (arhiw suraty)

Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň häkiminiň orunbasary Allaýewa Güljahan Kentowna, “işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin” diýen düşündiriş bilen, wezipesinden boşadyldy.

Bu baradaky degişli karara prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol goýandygy barada TDH 1-nji martda habar berdi.

Ozalky resminiň “düýpli kemçilikleri” barada, umumy kesgitlemeden başga goşmaça maglumat berilmeýär.

Türkmenistanda soňky otuz ýylda ýokary derejeli kadrlar yzygiderli täzelenýär we olaryň nähili esaslarda wezipä bellenip, nähili anyk kemçilikleri üçin işden aýrylýandygy aýdyň däl. Kähalatda öňki resmileriň bir toparynyň soň türmä basylýandygy barada hem resmi bolmadyk maglumatlar bar.

XS
SM
MD
LG