Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ, ÝB Nawalnynyň işi boýunça Russiýa garşy sanksiýalary göz öňünde tutýarlar


Rus oppozisiýa lideri Alekseý Nawalny

ABŞ-nyň we Ýewropa Bileleşiginiň rus oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnynyň nerw agenti bilen zäherlenmegi we tussag edilmegi bilen baglylykda, Russiýa garşy utgaşdyryjy çärä görjekdiklerine garaşylýar.

Ýewropaly diplomatik çeşmeleriniň aýtmagyna görä, Ýewropa Bileleşigine agza döwletler Kremliň tankytçysynyň golaýda türmä basylmagy bilen ilteşikli Russiýanyň ýokary derejeli adalat we kanun goraýjy dört resmisine garşy sanksiýalary tassyklapdyrlar.

Bu aralykda, prezident Jo Baýdeniň administrasiýasyndaky iki çeşmäniň Reuters habar gullugyna we CNN-e aýtmagyna görä, Birleşen Ştatlar Nawalnynyň zäherlenmegi boýunça Russiýa garşy çäreleri göz öňünde tutýar.

Ýewropaly iki çeşmäniň anonimlik şertinde Fransiýanyň AFP habar agentligine beren maglumatyna görä, Ýewropa Bileleşiginiň sanksiýalaryna düşjek şahsyýetleriň atlary Bileleşigiň resmi žurnalynda 2-nji martda çap ediler. Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri sanksiýalar babatynda geçen gepde ylalaşypdylar.

Çeşmeler ozalky syzyp çykan maglumatlarda gadagançylyklaryň federal türme dolandyryjysy Aleksandr Kalaşnikowa, Russiýanyň derňew komitetiniň başlygy Aleksandr Bastrykina, baş prokuror Igor Krasnowa we Milli gwardiýanyň başlygy Wiktor Zolotowa garşy giriziljekdigi baradaky maglumatlary tassykladylar.

Bular Ýewropa Bileleşiginiň adam hukuklary boýunça geçen dekabrda güýje giren täze sanksiýa režimi esasynda nyşana alynjak ilkinji şahsyýetler bolar.

Nawalny awgustyň aýagynda Sibirde keselledi we koma girizildi hem-de Berline ewakuasiýa edildi. Birnäçe günüň içinde germaniýaly lukmanlar we harby alymlar onuň Sowet Soýuzynda ösdürilen harby derejeli nerw agenti Nowiçok bilen ilteşikli bir jisim bilen nyşana alnandygyny kesgitledi. Himiki ýaraglary gadagan etmek boýunça gurama Nawalnydan alnan gan we peşew nusgalarynyň düzüminde Nowiçok toparyna degişli gadagan edilen himiki jisimiň bardygyny tassyklady.

Nawalny ýanwarda Germaniýada bejergi alyp, Russiýa dolanan dessine tussag edildi.

Fewralda Moskwanyň sudy Nawalnynyň Germaniýada bejergi alan döwri, syýasy äheňli hasaplanýan pul ýuwmak baradaky ozalky işi bilen baglylykda çykarylan şertli tussaglyk möhletiniň düzgünlerini bozmakda günälip tapyp, ony 2,5 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi.

Nawalny özüniň gönümel prezident Wladimir Putiniň görkezmesi bilen zäherlenendigini aýdýar. Russiýa muňa ilteşiginiň ýokdugyny tekrarlaýar.

Bu aralykda, BMG-niň adam hukuklary boýunça ekspertleri 1-nji martda Nawalnynyň zäherlenmegi boýunça halkara derňewi geçirmäge çagyrdylar. Ekspertler delilleriň munuň arkasynda rus hökümet resmileriniň “uly ähtimallyk bilen bardygyny” görkezýändigini bellediler.

Ýewropa Bileleşigi geçen ýyl Nawalnynyň zäherlenmegi boýunça Russiýa garşy eýýäm gadagançylyklary girizipdi.

Emma ABŞ-nyň ozalky prezidenti Donald Tramp bu waka bilen baglylykda hiç hili çäre görmändi.

Baýdeniň administrasiýasy Nawalnynyň nerw agenti bilen zäherlenmegi boýunça anyk haýsy çäreleri görjekdigi barada maglumat bermedi.

ABŞ-nyň çäreleriniň diňe bir zäherlenme hadysady bilen çäklenmän, Russiýanyň arkasynda durandygy aýdylýan Solarwinds haker hüjümini, ABŞ-nyň demokratiýasyna gatyşmagyny we Russiýanyň beýleki zyýanly hereketlerini öz içine almagy mümkindigi bellenilýär.

Teswirleri gör (1)

Şu forum ýapyk

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG