Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul uniwersitetiniň professory öldürildi


Owganystanda žurnalistlere, raýat aktiwistlerine we resmilere garşy nyşanylaýyn hüjümler ýaýbaňlandy. (illýustrasiýa suraty)

Owganystanda Kabul uniwersitetiniň professory we dini ylymlar boýunça alym paýtagtda näbelli hüjümçiler tarapyndan atylyp öldürildi. Mundan bir gün öň, uruşdan ejir çekýän ýurduň gündogarynda bir telewideniýe kanalynyň üç aýal işgäri hem atylyp öldürilipdi.

Kabulyň polisiýa metbugat wekiliniň maglumatyna görä, uniwersitetiň professory Faiz Mohammad Faýese çarşenbe güni ertir namazyny okamak üçin metjide barýan pursady hüjüm edilipdir. Hüjümiň jogapkärçiligini bada-bat hiç bir topar öz üstüne almady.

Mundan iki hepde ozal, Kabul uniwersitetiniň başga-da iki ylmy işgäri, ulaglaryna ýerleşdirilen partladyjynyň ýarylmagy netijesinde, öldürilipdi. Bu hüjümiň jogapkärçiligini hem hiç kim öz üstüne almandy.

2-nji martda Owganystanyň gündogaryndaky Jalalabat şäherinde Enikass TV tele-kanalynyň üç aýal işgäri ýaraglardan atylyp öldürildi. Hüjümiň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” atly ekstremistik topary öz üstüne aldy.

Katarda owgan hökümetiniň we “Talyban” wekilleriniň arasyndaky dowam edýän parahatçylykly gepleşikleriň arasynda, soňky aýlaryň dowamynda Owganystanda žurnalistlere, raýat aktiwistlerine we resmilere garşy nyşanylaýyn hüjümler ýaýbaňlandy.

Hukuk toparlary bu hüjümler bilen Owganystandaky garaşsyz sesleri we raýat jemgyýetini sem etmek we howuny basmak maksat edinilýändigini aýdýarlar. Bular 2001-nji ýylda ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky harby kampaniýanyň netijesinde fundementalist “Talyban” režimi aradan aýrylandan soňra, aýallaryň hak-hukuklary we söz azatlygy ugrunda tagalla edip gelýärler.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG