Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeşme: Özbek prezidentiniň körekeni ýol heläkçiliginde agyr ýaralandy


Prezident Şawkat Mirziýoýewiň gyzy Şahnozanyň adamsy Otabek Umarow
Prezident Şawkat Mirziýoýewiň gyzy Şahnozanyň adamsy Otabek Umarow

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň körekeni ulag heläkçiligine uçrap, agyr ýaralandy, şeýle-de bejergi üçin Günorta Koreýa ugradyldy diýip, özbek hökümetine we prezidentiň maşgalasyna ýakyn çeşmeler maglumat berýärler.

Çeşmeler Mirziýoýewiň gyzy Şahnozanyň adamsy Otabek Umarowyň 13-nji fewralda Daşkentde ulag heläkçiligine uçranyndan soňra, kellesine we aýagyna ýeten zeperiň netijesinde, häzir hem ysmaz ýagdaýda bolmagyna galýandygyny aýdýarlar.

Çeşmeleriň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, prezident Mirziýoýew ýol hadysasy bilen baglylykda şahsy howpsuzlyk gullugynyň birnäçe işgäriniň derňelmegi barada görkezme beripdir.

Ulag heläkçiliginiň ýüze çykan güni Umarowyň ýanynda bolan, çeşmeleriň “türgenler” diýip atlandyran birnäçe şahsyýetiň hem derňelýändigi aýdylýar.

Çeşmeler 36 ýaşly Umarowyň gözegçilik edýän biznes pudaklarynyň bir bölegi bolan Daşkentdäki sport merkezleriniň gapylarynyň möhürlenendigini belleýärler.

Çeşmeleriň sözlerine görä, prezidentiň şahsy gorag gullugynyň başlygy wezipesini hem eýeleýän Umarow “türgenler” bilen birlikde Daşkendiň köçelerinde dowamly ulag ýaryşlaryny geçirip, “howply ýol hadysalaryny döredipdir”.

XS
SM
MD
LG