Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Freedom House: Dünýäde demokratiýa “barha pese gaçýar”


Freedom House öz hasabatlarynda Türkmenistany ýyldan-ýyla “azat däl” döwletleriniň hatarynda ýerleşdirip gelýär.
Freedom House öz hasabatlarynda Türkmenistany ýyldan-ýyla “azat däl” döwletleriniň hatarynda ýerleşdirip gelýär.

Adam hukuklaryna gözegçilik edýän Freedom House, ýagny Azat Öý guramasy 2020-nji ýylda koronawirus pandemiýasy, ykdysady nämälimlik we konfliktler dünýä boýunça azatlygyň pese gaçmagyna sebäp bolandygyny aýdýar.

Düýbi Waşingtonda ýerleşýän guramanyň 3-nji martda çap bolan ýyllyk hasabatynda dünýäde soňky 15 ýylyň dowamynda “azat däl” diýlip häsiýetlendirilen döwletleriň sanynyň rekord derejä, 54-e ýetendigi bellenilýär.

Freedom House öz hasabatlarynda Türkmenistany ýyldan-ýyla “azat däl” döwletleriň hatarynda, "erbetleriň erbedi" sanawynda ýerleşdirip gelýär.

Bu ýylky hasabatda oňa azatlygyň indeksi boýunça, Günota Sudan we Eritrea bilen birlikde 2 bal berlipdir. Bellemeli ýeri, Demirgazyk Koreýa bu indeks boýunça 3 bal berlipdir.

Demokratik görkezijiler boýunça Türkmenistana 0 bal berlip, ol “berk awtoritar režimli” ýurt hökmünde häsiýetlendirilipdir.

Hasabatda Türkmenistanyň, Nikaragua bilen birlikde özüni hakykatdan daşlaşdyryp, ýurduň çäginde koronawirus pandemiýasynyň bardygyny asla-da ykrar etmändigi bellenilýär.

Freedom House guramasynyň hasabatynda ýurt boýunça berlen synda syýasy hukuklar we raýat azatlygy boýunça has köp pese gaçan döwletleriň arasynda Gyrgyzystan we Belarus hem bar.

Bu aralykda, Demirgazyk Makedoniýa azatlyk babatynda iň uly ösüşi görkezen döwlet boldy.

Hasabatda syn berlen ýurtlaryň 73-inde azatlyk görkezijileriniň pese gaçandygy, munuň diňe bir Hytaý, Belarus we Wenezuela ýaly awtoritar döwletler bilen çäklenmän, Birleşen Ştatlar we Hindistan ýaly “aladaly demokratiýalar” ýaly döwletlerde hem ýüze çykandygy bellenilýär.

XS
SM
MD
LG