Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusda proteste çykanlary "bellemek": gara ýa-da ak reňk


Minskide garşylyk ýörişine çykanyň saklanyşy. 2021-nji ýylyň 23-nji ýanwary.
Minskide garşylyk ýörişine çykanyň saklanyşy. 2021-nji ýylyň 23-nji ýanwary.

Geçen tomsuň ahyryndan bäri, Belarusyň howpsuzlyk güýçleri tussag edilen demonstrantlary “bellemek” usulyny ýöredýärler: saklananlaryň eşiklerine we hatda olaryň tenine dürli reňkli boýag bellikleri çalýarlar. Soňra protest mahalynda saklananlary ol reňk arkaly tussaghanada saklamak, kanun bozujylaryň merkezi izolýasiýasynda salmak ýa-da polisiýa bölümine ugratmak üçin, toparlara bölmekde peýdalanýarlar. Içeri işler ministrliginde (IIM) protestçileriň maglumatlary girizilýän baza döredilenden soň, ol bellikleriň başgaça pikir ýöredýänler hakda möhüm maglumat bolup biljekdigini öňe sürýärler.

Stas Dedow demonstrasiýalar wagtynda ýüze çykýan pidalar, gynamalar we kemsidiji çemeleşmeler barada maglumat ýygnaýan adam hukuklaryny goraýjy “Wiasna” merkezine beren interwýusynda, “bellemek” işiniň nähili dowam edýändigini düşündirdi:

«Olar meni milisiýa awtoulagyndan çykardylar, bir çüýşe ak boýag alyp, kelläme guýdular. Saçymdan tutup, boýagy kelläme çaldylar. Milisiýa awtoulagyna çenli azyndan ýene iki ýerde sakladylar. Ulaga geçirenlerinde bizi ýençdiler. OMON işgärleri meni saçymdaky ak boýagdan tanady – sebäbi bu bir bellik ýalydy: diýmek, bu adama has ýowuz daraşmaly. Ine, ony "belläpdirler" diýip, olar açyk aýtdylar».

Stas Dedow wagtlaýyn tussaghanadan çykandan soň, onuň saçyna ak reňk çalnypdyr.
Stas Dedow wagtlaýyn tussaghanadan çykandan soň, onuň saçyna ak reňk çalnypdyr.

“Belsatyň” žurnalisti Alena Dubowik hem reňk bellikleri barada gürrüň berdi:

«Bir gyz bardy, ony omonçylar awtoulaga süýräp, köpçülik bolup urdular. Onuň gabaklary çişipdi, kellesiniňem ýarysy çişdi. Ol sary reňk bilen bellenen eken. Soň meniň bilşime görä, daşky sypaty adaty bolmadyklar sary reňk bilen bellenýän eken. Gyz dreadly – köp örüm saçlydy. Olar iň barlyşyksyz adamlary gyzyl reňk bilen belleýärler... Gara reňk bilen dokumentsiz hem serhoş adamlar bellenýär».

Bu bellikler indi Içeri işler ministrliginiň Aleksandr Lukaşenkanyň režimine garşy geçirilen demonstrasiýalara gatnaşyjylar üçin döredilen ýeke-täk maglumat bazasyny dolduranda ulanylýar. Dekabr aýynyň ahyrynda belarus telewideniýesi şeýle bazanyň döredilendigini habar berdi.

«Bidüzgünçilige gatnaşyjylar, telefonda hat ýollaýanlar, telegram kanaly dolandyryjylar. Her kim aýratyn, ýöne şol bir äheň. Olaryň hersi indi IIM-niň bitewi maglumat ulgamynyň kartotekasynda. Aslynda, bu rugsatsyz protestleriň bitewi maglumat bazasy. Jyns, ýaş, ýaşaýan ýeri, iş ýeri, okuw we iň esasysy hünäri» – şeýle jikme-jiklikler “Belarus 1” telekanalynda berildi.

Wideo ýazgyda "paýtagtda maksatsyz aýlanmagyň" hem protestler bilen deňdigi aýdylýar. Maglumatlar bazasyny doldurmak üçin wideo gözegçilik, şeýle hem adamyň ýüzüni tanamak ulgamy ulanylýar. Belarus telewideniýesiniň aýtmagyna görä, şuňa meňzeş ulgam Russiýanyň Sport ministrligi tarapyndan futbol muşdaklaryny yzarlamak üçin ulanylýar.

Bu maglumat bazasynda, prezident saýlawlaryndan soň Belarusda tolgunyşyklar başlanaly bäri tussag edilen ýa-da administratiw, ýa-da jenaýat jogapkärçiligine çekilen her bir adam hakda maglumat bar. Munuň özi azyndan 33 müň adamdyr, olaryň 668 sanysy studentler. “Wiasna” merkeziniň wise-prezidenti, adam hukuklaryny goraýjy aktiwist Walentin Stefanowiç IIM-niň maglumatlar bazasynyň graždanlar işe girjek bolanlarynda ulanylýandygyny aýdýar. Şol wagtyň özünde protest däl jenaýata çekilenler barada şeýle maglumat bazasynyň ýokdugyny belleýär.

IIM-niň bazasyna halk arasynda "syýasy baza" diýilýär, ýöne resmi taýdan ykrar edilen syýasy tussaglar az bolsa gerek?

Walentin Stefanowiç
Walentin Stefanowiç

– Häzir bizde her gün 10-15 jenaýat işine seredilýär. Bu işlere dahylly edilen 770 adamyň adyny bilýäris, umuman, olaryň sany müňe golaý bar. Olaryň ählisi-de syýasy tussaglar, emma resmi taýdan häzir 246 syýasy tussagymyz bar. Olaryň köpüsine resmi taýdan syýasy tussag diýilmeýär, şeýle-de bolsa olar hem ‘himiýa’ jezasyna duçar bolanlar (Belarusda "himiýa" düzediş edarasynda bolmazdan, erkinligiň çäklendirilmegi hasaplanýar – Red.). Administratiw aýyplamalar bilen ýüzbe-ýüz bolýanlar resmi taýdan biziň ölçeglerimize laýyk gelýär, ýöne biz fiziki taýdan hemme kişini syýasy tussag hasaplap bilmeris. Geçen ýyl biziň ýurdumyzda administratiw düzgün bozmalar sebäpli 33000 adam saklandy, olaryň köpüsini tussag etdiler ýa-da jerime saldylar. Şeýle tussag edilmeler häzirem dowam edýär, olara 20-25 günlük tussaglyk berilýär. Bu çäre bir kazyýet mejlisinde çözülýär. Käte aýyplamalar tükeniksiz dowam edip, adamlar üç aý azatlykdan mahrum bolup, suda garaşyp oturýarlar. Munuň özi kanunyň gözboýagçylyk edilişiniň bir görnüşi: adamyň 2-3 aý türmede oturmagy jenaýat maddalaryndaky jeza bilen deňeşdirilýär. Mundan daşary-da, häkimiýetler diňe bir ekstremist guramalary we onuň ýolbaşçylary bilen çäklenmän, jeza beriş bazany giňeldýärler, şeýle hem islendik görnüşde jenaýat jogapkärçiligine çekýärler. Hökümete garşy islendik işjeň çäre ekstremizm hasaplanýar. Ak-gyzyl-ak baýdagy hem ekstremizmiň nyşany hökmünde ykrar edilmegi meýilleşdirilýär.

Bu häzire çenli kabul edilenok, häzirki wagtda 103 müňden gowrak adam bu baýdagyň ekstremist nyşany hökmünde ykrar edilmegine garşy talaba gol çekdi.

– Indi häkimiýetler birneme üýtgeşik logika ulanýarlar. Eger sen penjireden baýdak assaň, bu ýekeje adamlyk pikete deň görülýär. Munuň özi manysyz, sebäbi köpçülik ýok ýerinde piket bolup bilmez. Hasaba alynmadyk nyşanlary ulanmak barada aýdylanda bolsa, olar administratiw kodeksine ýene goşmaça madda girizýärler, ol baýdagy diňe jemgyýetçilik çärelerinde däl, umuman ulanmak gadagan edilýär. Ýogsam bolmasa bu biziň döwlet nyşanymyz, ol ilkinji gezek 1917-nji ýylda Bütin Belarus Assambleýasynda ýokary göterildi, soňra Belarus Halk Respublikasynyň baýdagy hökmünde döwlet nyşany boldy. Biz bu baýdagy 1991-nji ýyldan 1995-nji ýyla çenli döwlet nyşany hökmünde ulandyk. Geň tarapy, şonda Aleksandr Grigoriýewiç (Lukaşenka – Red.) parlamentiň deputatydy. 1991-nji ýylda parlamentde bu baýdagy döwlet nyşany diýip ykrar edip, nädip ses berendigini bilmek örän gyzykly.

Minskide aýallaryň protest ýörişi. 2021-nji ýylyň 26-njy ýanwary.
Minskide aýallaryň protest ýörişi. 2021-nji ýylyň 26-njy ýanwary.

Kämillik ýaşyna ýetmedikler “bellik” bazasyna köp düşýärlermi?

– Şeýle ýagdaýlar hem bar. Iň ýaş saklanan 13 ýaşly oglan. Serebrýankada ýoly ýapandygy üçin, 342-nji madda (jemgyýetçilik tertibini gödek bozýan hereketleri taýýarlamak) sebäpli Minskide öý "himiýasy” berlen bir oglan bar. Beýleki biri 17 ýaşly oglan milisiýa maşynyna daş atandygy üçin, iki ýyl azatlykdan mahrum edildi. Homelde awgust aýyndan bäri bir ýetginjek tussaglykda saklanýar. Ol “Molotow kokteýlini” zyňmaga synanyşykda aýyplanýar. Döwlet nyşanlarynyň kemsidilmegi bilen baglanyşykly birnäçe ýagdaý bar. Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň köpüsi administratiw mesele bilen saklanýar. Köplenç 14 ýaşlylary "maýmyn otagynda" üç sagat saklaýarlar, ol ýaşdakylary saklamaga kanunda üç sagatdan artyk rugsat berilmese-de, olar üçin bu ruhy sarsgyn. Olary ýüzi maskaly raýat eşikli adamlar saklaýarlar, köplenç mekdepden gaýdyp gelýärkä tutýarlar.

Diňe proteste çykanlar däl, mysal üçin, telegram kanallarynyň we söhbetdeşleriň abonentleri-de jogapkärçilige çekip bilnermi?

– Elbetde, Içeri işler ministrligi sosial ulgamyň moderatoryny nädip tutandyklaryny yzygiderli habar berýär. Olar hatda guramaçylar hökmünde jogapkärçilige çekilýär. Telegram kanalyna abuna ýazylmak köplenç tussag etmek üçin esas bolup durýar. Milisionerler telefona seredýärler, eger bir adamyň gol çekendigini görseler, käbir halatlarda boýag bilen bellik edilýärler, soň ol bellik urmak ýa gynamak üçin bahana bolup bilýär.

Olar yzygiderli haýsydyr bir guramaçyny, koordinatory, kuratory gözleýärler. Olaryň pikirine görä, boýag bilen bellik edilenleriň guramaçylar bolmagy mümkin. Tejribeden mälim bolşuna görä, beýle adamlary rehimsiz ýençýärler – diýip, “Wiasna” merkeziniň wise-prezidenti, adam hukuklaryny goraýjy aktiwist Walentin Stefanowiç aýdýar.

Material Azatlyk Radiosynyň Belarus gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG