Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Birmadaky harby agdarylyşygyň “iň ganly gününde” azyndan 38 adam öldürildi


Protestçiler harby agdaralyşyga garşy geçirilen demonstrasiýalarda ölenleri hatyralaýar. 28-nji fewral, 2021 ý. Ýangon, Birma
Protestçiler harby agdaralyşyga garşy geçirilen demonstrasiýalarda ölenleri hatyralaýar. 28-nji fewral, 2021 ý. Ýangon, Birma

Birmada täze dikilen harby häkimiýete garşy geçirilýän protestler zorluk bilen basylyp ýatyrylanda azyndan 38 adam öldürildi.

BMG-niň Birma boýunça wekili Şraner Burgener (Schraner Burgener) 3-nji marty harby agdarylyşygyň “iň ganly güni” häsiýetlendirdi we geçen aýyň dowamynda 50-den gowrak adamyň öldürilendigini sözüne goşdy. Başga-da, köp adam ýaralandy.

Şaýatlar we wideolar birnäçe şäherde polisiýanyň protestçileri dargatmak üçin göz ýaşardyjy gaz, rezin ok we ot ulanandygyny görkezýär.

Harbylar 1-nji fewralda ýurduň demokratiýa bilen on ýyllyk synagyny soňlandyraly bäri, Birma gündelik protestlerden ejir çekýär.

Agdarylyşyk liderleri saýlanan hökümeti işden çetletdi we ýurduň de-fakto lideri Aung San Su Çini we onuň partiýasynyň beýleki agzalaryny tussag etdi.

Aktiwistlere görä, ýüzlerçe adam, şol sanda azyndan alty žurnalist tussag edildi. Agdarylyşyk barha ýokarlanýan halkara tankyda, şol sanda harby häkimiýete garşy Günbatar sanksiýalaryna sebäp boldy.

Britaniýa Birmany maslahat etmek üçin BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşini 5-nji martda duşuşyga çagyrdy.

Birleşen Ştatlar harby häkimiýete garşy has köp çäre görmegi göz öňünde tutýandygyny aýtdy, Ýewropa Bileleşigi bolsa, ýaragsyz raýatlary oka tutmak halkara kanunçylygyny göz-görtele bozmakdyr diýdi.

XS
SM
MD
LG