Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Media işgärleriniň öldürilmeginden soňra, gündogar Owganystanda lukman aýal öldürildi


Nangarharda bomba partlamagy netijesinde bir aýal lukman öldürildi. 4-nji mart, 2021 ý.

Owgan resmileri gündogar Jalalabad şäherinde bomba partlamagy netijesinde bir lukman aýalyň ölendigini aýdýar.

Nangarhar welaýatynyň häkiminiň metbugat sekretaryna görä, lukman münüp barýan rikşasyna magnit bomba ýabşyrylandan soňra öldürildi, başga-da bir çaga ýaralandy.

Metbugat sekretar lukmanyň bir hususy hassahananyň çaga dogrulýan bölüminde işleýändigini aýtdy.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini hiç kim bada-bat öz üstüne almady.

Iki gün ozal “Yslam döwleti” (YD) ekstremist toparynyň jogapkärçiligi öz üstüne alan Jalalabad hüjüminde, üç aýal media işgäri atylyp öldürildi.

3-nji martda Kabul uniwersitetiniň bir professory, şol bir wagtda din alymy, owgan paýtagtynda atylyp öldürildi. Bu hüjümiň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almady.

Owgan hökümeti bilen “Talybanyň” arasynda Katarda dowam edýän parahatçylyk gepleşikleriniň fonunda žurnalistleri, raýat aktiwistlerini hem-de resmileri nyşana alýan hüjümler soňky aýlarda tutuş Owganystan boýunça ýokarlandy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG