Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanda döwlet mätäç maşgalalara jaý satyn almak üçin 10% subsidiýa berer


Daşkentde 12 göterimden, beýleki sebitlerde 10 göterimden ýokary bolan karz töleglerine subsidiýa berler.
Daşkentde 12 göterimden, beýleki sebitlerde 10 göterimden ýokary bolan karz töleglerine subsidiýa berler.

Özbegistanda şu ýyl şäherlerde ipoteka esasynda, karzyna jaý satyn alýanlar üçin başlangyç töleg 20% -den 15% -e çenli azalýar. Mundan başga, ipoteka karzlary üçin 6 aýlyk ýeňillik möhleti giriziler.

Prezident Şawkat Mirziýoýow 3-nji martda ýaşaýyş jaýynyň we ipoteka bazarynyň ösüşine bagyşlanan wideo konferensiýada çykyş etdi.

“Ýaşaýyş jaý ýagdaýynyň gowulaşdyrylmagyna mätäç bolan pes girdejili maşgalalar başlangyç 15% karz töleginiň 10 göterimi möçberinde subsidiýa alar. Başgaça aýdylanda, adamlar jaý satyn alanynda ilkibaşdaky tölegiň bary-ýogy 5% -ini tölär" diýip, prezident aýtdy.

Mundan başga, Daşkentde 12 göterimden, beýleki sebitlerde 10 göterimden ýokary bolan karz töleglerine subsidiýa berler.

“Mysal üçin, oba ýerlerinde 54 inedördül metr kwartira satyn almak isleýän maşgala (ortaça 216 million som ýa-da 20,5 müň dollar) 33 million som (3000 $) başlangyç töleginden bary-ýogy 11 million som (1000 dollar) tölär, 22 million som (2 müň dollar) býujetden tölener. Ýeňillikli döwürde maşgala aýda 1,5 million som (143 dollar) karz tölegini tölese, döwlet her aýda galan 1,1 million somy (100 dollar) tölär" diýip, ýerli metbugatda aýdylýar.

Şawkat Mirziýoýew müň maşgalany, hususan-da kyn ýagdaýda galan we öýsüz kösenýän aýallary kärende esasynda sosial ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmegi wada berdi.

XS
SM
MD
LG