Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanda Ýokary kazyýetiň başlygynyň jogapkärçilige çekilmegine rugsat berildi


Gülbara Kaliýewa
Gülbara Kaliýewa

Kazylar geňeşiniň garamagyndaky düzgün-nyzam topary, Baş prokuraturanyň teklibi bilen, Gyrgyzystanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy Gülbara Kaliýewany jenaýat jogapkärçiligine çekmäge rugsat berdi diýip, Azatlyk radiosynyň Gyrgyz gullugy habar berdi.

Kaliýewa "Ýerli kazyýet" awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamyny işläp düzmek we durmuşa ornaşdyrmak işi bilen baglylykda korrupsiýada (Jenaýat kodeksiniň 319-njy maddasy) aýyplanýar.

Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komiteti geçen ýylyň dekabrynda derňewiň "Gulbara Kaliýewanyň jenaýatçylykly işe baglanyşygy barada ýalana çykaryp bolmajak subutnamalary alandygyny" görkezdi.

Indi komissiýa ýurduň prezidenti Sadyr Žaparowa Kaliýewany wagtlaýynça wezipesinden çetleşdirmek barada teklip ibermeli. Düzgün-nyzam toparynyň karary yglan edilen wagtyndan güýje girýär we şikaýat edilmäge degişli däl.

Gülbara Kaliýewanyň özi komissiýanyň kararyny bikanun hasaplaýar. Onuň sözlerine görä, hödürlenen näsaglyk rugsadyna we bu meselä özüniň gatnaşmazlgynda garamazlygy haýyş edýändigine garamazdan, mejlis onuň özüniň gatnaşmazlygynda geçirildi.

"Kanunçylyk esasynda dört aýlyk möhlet göz öňünde tutulýan wagtynda karar kabul etmegiň beýle gyssanmaçlygy düşnüksiz. Bu hili hereketler kanunçylyga ters gelýär" diýip, ol aýtdy.

Gülbara Kaliýewa Ýokary kazyýetiň baş kazysy wezipesinde 2018-nji ýylyň 22-nji sentýabryndan bäri işleýär. Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komiteti 2020-nji ýylyň dekabrynda Ýokary kazyýetde "Ýerli kazyýet" ulgamy işlenip düzülen we durmuşa ornaşdyrylan döwründe korrupsiýa shemasynyň ýüze çykarylandygyny habar berdi.

Mundan öň bu işe gatnaşmakda güman edilen üç adam - Ýokary kazyýetiň Kazyýet müdirliginiň Adilet Sot maglumat tehnologiýa institutynyň başlygy, enjamlary ornaşdyran IT kompaniýasynyň başlygy we Kazyýet bölüminiň döwlet sekretary tussag edildi.

Gülbara Kaliýewa ozal bu deslapky kazyýet işiniň 2020-nji ýylyň ýazynda başlanandygyny, ýöne özüniň muny diňe sentýabr aýynda bilendigini aýtdy we özüne garşy berlen görkezmeleriň basyş astynda alnan bolmagynyň mümkindigini öňe sürdi.

XS
SM
MD
LG