Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus esasy adam hukuklary toparyna garşy jenaýat işini açdy


“Wýasna” adam hukuklary merkeziniň ofisinde düşürilen surat
“Wýasna” adam hukuklary merkeziniň ofisinde düşürilen surat

Belarus häkimiýetleri ýurduň iň görnükli adam hukuklary guramalarynyň birine garşy jenaýat derňewini açdy we, awtoritar lider Aleksandr Lukaşenka garşy başgaça pikirlenýänleri basyp ýatyrmagyň çäginde, onuň birnäçe agzasyny tussag etdi.

“Wýasna” adam hukuklary merkezi 5-nji martda Derňew komitetiniň guramany rugsatsyz köpçülikleýin protestlere maliýe we beýleki maddy goldaw bermek diýilýände, jemgyýetçilik tertibini bozmakda aýyplandygyny aýtdy.

Netijede, bu topar bilen bagly dört aktiwist tussag edildi.

Belarusda geçen awgustda geçirilen prezident saýlawynda Lukaşenka altynjy möhlete eýe bolaly bäri her gün diýen ýaly protest çäreleri guralýar, opposiziýa we Günbatar ses berişligiň galplaşdyrylandygyny aýdyp, onuň bikanun hasaplanmalydygyny öňe sürýär.

“Wýasna” bu döwürde adam gynamalary, müňläp adamyň tussag edilmegi, syýasy tutda-baslyklar ýaly hukuk bozulmalaryny hasaba alýan esasy garaşsyz guramalaryň biri boldy.

Howpsuzlyk güýçleri mundan öň bu toparyň bölümlerini dökdüler we aýry-aýry derňewleriň çäginde onuň agzalaryny tussag edip, soraga çekdiler.

“Wýasna” öz beýanatynda hiç bir bikanun iş etmändigini aýdyp, aýyplamalary ret etdi we “syýasy repressiýalaryň we adam hukuklarynyň köpçülikleýin bozulmagynyň pidalaryna” kömek bermek işini dowam etdirjekdigini belledi.

"Wýasna” hiç wagt zorlukly hereketleriň guramaçysy bolmady we raýat hem-de syýasy azatlyklaryň parahatçylykly durmuşa geçirilmegini elmydama goldaýar" diýip, beýanatda aýdylýar.

Belarusda 25 ýyla golaý adam hukuklaryny goraýan “Wýasna” häkimiýetleriň özüne bu ýyllarda ençeme gezek basyş edendigini, gorkuzandygyny we yzarlandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG