Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda Türkmenistan-Türkiýe hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy


Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu öz türkmen kärdeşi Raşid Meredow bilen. Türkmen DIM-niň web sahypasyndan alnan surat
Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu öz türkmen kärdeşi Raşid Meredow bilen. Türkmen DIM-niň web sahypasyndan alnan surat

Türkiýäniň baş diplomaty Mewlüt Çawuşoglu 6-njy martda Aşgabatda Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi.

Türkmenistanyň prezidenti iki ýurduň arasyndaky dostluk, doganlyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berdi diýip, Türkmen DIM-i habar berýär.

Şeýle-de, türk diplomatynyň öz türkmen kärdeşi Raşid Meredow bilen türkmen-türk gün tertibiniň derwaýys ugurlaryny ara alyp maslahatlaşandygy aýdylýar.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, ylym, bilim, medeniýet ulgamlaryndaky gatnaşyklary ilerletmrek barada hem maslahat etdi.

Mundan başga, baş diplomatlaryň howpsuzlyk, ylaýta-da ekologiýa howpsuzlygy babatynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine seredendigi habar berilýär.

Türk metbugaty gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek kararyna gelnendigini, energiýa, ykdysady gatnaşyklar, ulag we logistika ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk mümkinçilikleriniň ileri tutulýandygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG