Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropada COVID-19 ýokuşmalary gaýtadan ýokarlanyp başlady


Wengriýa. Sanjymlar dowam edýär.
Wengriýa. Sanjymlar dowam edýär.

Bütindünýä saglyk guramasynyň (BSG) habaryna görä, koronawirus ýokuşmalary Ýewropada ýene-de köpelip, hasaba alnanlaryň alty hepdelik azalmagynyň soňlanmagyna getirýär.

Geçen hepde Ýewropada 1 million täze ýokuşma hasaba alyndy, bu öňki hepde bilen deňeşdirilende 9 göterim köp adama kesel ýokuşandygyny görkezýär.

Keselçiligiň köpelmegi täze wirus görnüşleriniň ýaýramagy we “jemgyýetiň ygtybarly we gözegçilik astyna alynman açylmagy” bilen baglanyşykly” diýip, BSG-niň Ýewropa boýunça sebit direktory Hans Klýuge aýtdy.

Bu keseliň ýokary ýokançlykly diýilýän britan görnüşi geçen ýyl ilkinji gezek Angliýada ýüze çykaryldy we Ýewropanyň BSG tarapyndan gözegçilik edilýän 27 ýurduna ýaýraýar.

Keselçiligiň soňky ýokarlanmasy Ýewropa ýurtlarynyň öz ilatyna sanjym etmekde ABŞ, Ysraýyl, Çili we Birleşen Arap Emirlikleri ýaly ýurtlar bilen deňeşdirilende haýalrak deprenip, bu işi has tijän wagtyna gabat geýär.

Şu aralykda, Ýewropanyň Gresiýadan Irlandiýa, Portugaliýadan Slowakiýa çenli ýurtlarynyň köpüsinde täzeden dürli derejelerde, hatda petiklenmä çenli çäklendirmeler girizilýär.

Birnäçe aýlap dowam eden pandemiýa çäklendirmeleri ykdysady we sosial dartgynlygy güýçlendirýär, 6-njy martda Awstriýada, Şweýsariýada, Şwesiýada we Irlandiýada müňlerçe demonstrant demonstrasiýa geçirdi.

Şol bir wagtda nemesler tutuş ýurt boýunça satuwa çykarylan ilkinji çalt koronawirus synaglaryny satyn almak üçin supermarketlere ylgady we synaglar bary-ýogy birnäçe sagadyň içinde satylyp gutaryldy.

XS
SM
MD
LG