Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aktiwistler Suleýman Tursunbaýewiň ölüminiň derňelmegine çagyrýarlar


Türkmen aktiwistleri Nýu-Ýorkda protest bildirýär. TH-nyň suraty
Türkmen aktiwistleri Nýu-Ýorkda protest bildirýär. TH-nyň suraty

Türkmen aktiwistleri 6-njy martda Birleşen Ştatlaryň Nýu-Ýork şäheriniň meşhur Taýms meýdançasynda protest çäresini geçirip, türkmen häkimiýetleriniň 14 ýaşly türgen Süleýman Tursunbaýewiň ölümine sebäp bolanlary jezalandyrmagyny talap etdiler.

"Türkmenistanyň Hronikasy" bu maglumaty oppozisiýadaky syýasatçysy Halmyrat Söýünowyň Youtube kanalynda çap edilen wideo esasynda çap etdi.

Birleşen Ştatlarda ýaşaýan türkmen aktiwistleri ozal bu protest çäresini 19-njy fewralda, BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynyň öňünde geçirmegi planlaşdyrdylar. Emma bu çäre, "Turkmen.news" neşiriniň maglumatyna görä, şäherde awtoulag hereketini togtadan güýçli gar sebäpli soňa goýuldy.

Protest çäresine gatnaşanlar professional sportçylara ýüzlenip, olaryň bu wakany sosial ulgamlardaky hasaplarynda habar bermeklerini hem haýyş etdiler.

"Turkmen.news" neşiriniň 15-nji fewralda beren habaryna görä, Ahal welaýatynyň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan mekdebiniň 7-nji klas okuwçysy S.Tursunbaýew fewralyň başlarynda Bäherden etrabynda geçirilen bir ýaryşda özünden edilen ýeňilmek talabyna boýun bolmandygy üçin gazaply ýenjilip, soňra hasshanada aradan çykýar.

Garaşsyz neşir 18-nji fewralda Süleýmanyň okan mekdep-internatynyň resmilerinden okuwçynyň ölümi barada telefon arkaly maglumat alanda, özüni direktoryň okuw işleri boýunça orunbasary hökmünde tanadan Şemşat Orazgulyýewa ýetginjegiň dişini sogurdyp, köp gan ýitirmegi sebäpli näsaglandygyny we öýüne ugradylandygyny, soň özlerine onuň ölüm habarynyň gelendigini gürrüň berdi.

Türkmen häkimiýetleri bu waka barada resmi düşündiriş çap etmedi.

XS
SM
MD
LG