Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Orsýet parlamentiniň başlygy petiklenen makalalar sebäpli Facebook-a hüjüm etdi


Wýaçeslaw Wolodin

Orsýetiň ýokary derejeli kanun çykaryjysynyň Facebooky ýazgarmagy sosial media ulgamynyň Orsýetiň habar gulluklarynyň geçen aýda polisiýanyň ukrain milletçileri diýlip güman edilýänleri tussag edendigi baradaky makalalaryny petikländigini aýtmagynyň yzýanyna gabat geldi. Bilermenler tussag edilenleriň rus radikallary bolandygyny aýdýarlar.

Mejlisiň aşaky öýi Döwlet Dumasynyň başlygy Wýaçeslaw Wolodin 8-nji martda eden çykyşynda Facebookyň rus raýatlarynyň hukuklaryny bozandygyny aýtdy we sosial ulgamynyň hereketini "sanly bikanunçylyk" diýip atlandyrdy.

Wolodiniň çykyşy Facebookyň fewral aýynda RBK we "Kommersant" neşirleriniň rus kanun goraýjy edaralaryň Woronež şäherinde ukrain milletçileriň ýaşlar guramasy MKU-nyň agzalaryny tussag edendigi baradaky makalalaryny petikländigi baradaky habara jogap boldy.

Habar berlişine görä, polisiýa ekstremist mazmunly edebiýaty, milletçi guramalaryň nyşanlaryny, pyçaklary we köne harby mina meňzeş bir zatlary tapypdyr.

Habar gulluklary Orsýetiň Federal Howpsuzlyk Gullugynyň (FSB) metbugat wekillerine salgylanyp, ele salnan adamlaryň ukrain ekstremist guramasy bilen baglanyşygy barada habar berdiler.

Şeýle-de bolsa, Orsýetiň Derňew komiteti şol wagt çap eden maglumatynda 18, 19 we 33 ýaşly üç adamyň Ukraina bilen serhet ýakasynda ýerleşýän Woronežde jynsparazlyk duşmançylygyny tutaşdyrmak sebäpli tussag edilendigini habar beripdi, emma olaryň ukrain milletçi toparynyň agzalarydygy aýtmandy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG