Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Duşenbe aeroportunda uly möçberde nagt pul hem guýma altyn ele salyndy. Owgan syýasatçysynyň munuň bilen näme baglanyşygy bar?


Mohammad Mirza Katawazaý, Owganystanyň Milli mejlisiniň başlygynyň birinji orunbasary. 2020-nji ýylyň awgusty.
Mohammad Mirza Katawazaý, Owganystanyň Milli mejlisiniň başlygynyň birinji orunbasary. 2020-nji ýylyň awgusty.

Owganystanyň Milli mejlisiniň başlygynyň orunbasary geçen fewral aýynyň ahyrynda, dynç günleri Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherine gelende, muny adaty resmi sapar diýip hasapladylar. Ýöne owgan telewideniýesi Mohammad Mirza Katawazaýyň dört aý ozal Duşenbe aeroportunda kontrabandaçylardan ele salnan millionlarça nagt pula we guýma altyna baglanyşygynyň bardygyny habar bermek bilen sensasiýa döretdi.

«MEN TELEKEÇI DÄL, SYÝASATÇY»

Owganystanyň ýokary derejeli syýasatçysy Täjigistanda 15 million dollar nagt puluň we noýabr aýynda Duşenbe aeroportunda kontrabandaçylardan konfiskasiýa edilen 90 kilograma golaý guýma altyn bilen baglanyşykly dawa-jenjeliň merkezine düşdi.

Owganystanyň Milli mejlisiniň başlygynyň orunbasary Mohammad Mirza Katawazaý owgan metbugatynyň nagt pul we altyn bilen baglanyşykly öňe sürýän habaryny gahar bilen ret edýär hem özüniň ol nagt pul hem altyn bilen baglanyşygynyň ýokdugyny öňe sürýär.

1TV owgan telekanaly geň habary ilkinji gezek aýdanynda, Täjigistanyň gümrük gullugy tarapyndan ele salnan "onlarça kilogram altynyň we millionlarça dollaryň kontrabanda synanyşygynyň arkasynda" täsirli syýasatçynyň bolandygyny mälim edipdi.

39 ýaşly Katawazaý 27-nji fewralda Duşenbe şäherine owgan mejlisiň aşaky palatasy Wolesi Jirganyň spikeri Mir Rahman Rahmaniniň ýolbaşçylygyndaky parlament delegasiýasynyň toparynda, resmi sapar bilen geldi. Onuň gelen gününiň agşamy owgan telekanaly öz gepleşiginde geň galdyryjy maglumaty aýtdy.

Katawazaý Duşenbä geleninde žurnalistler kontrabandaçylar we konfiskasiýa edilen baýlyk bilen baglanyşygynyň bar ýa-da ýokdugy hakda, onuň adyna köp sorag ýagdyrdylar.

– Bu [aýdylýanlaryň] ählisi boş – absurd. Men telekeçi däl, syýasatçy – diýip, ol 28-nji fewralda aýtdy.

«MESELÄNI ÇÖZMEK MÜMKINMI»

Bu aralykda, Kabulda Owganystanyň Içeri işler ministrligi 1TV telekanaly Katawazaýyň garşysyna bildirilýän aýyplamalar boýunça derňew işine başlamak üçin, maglumat ýygnalyp başlandygyny mälim etdi.

1TV kanaly Katawazaýyň bikanun pullar bilen arabaglanyşygy barada birnäçe çeşmeden habar alnandygyny aýtdy, ýöne şahsyýetleri mälim etmedi. Şeýle hem bu telekanal öz maglumatyny tassyklaýan hiç hili subutnama getirmedi.

Şeýle hem 1TV kanaly ol kontrabanda hereketi bilen ýene birnäçe adamyň baglanyşygynyň bardygyny, şol sanda polisiýanyň, ýerli hökümet işgärleriniň hem gümrük işgärleriniň gatnaşandygyny aýtdy.

– Katawazaý bu meseläni çözmek isleýär – diýip, telekanal onuň Duşenbä saparynyň Täjigistan häkimiýetleri tarapyndan saklanan pullaryň we altynyň ykbalyny anyklamak üçin niýetlenendigini habar berdi.

Teleýaýlym ol syýasatçynyň bu dawa gatnaşandygy baradaky maglumatlaryň ýaýramagynyň öňüni almak üçin, ähli tagallalary edendigini-de belledi. Teleýaýlymyň habaryna görä, Katawazaýyň 15-nji dekabrda Täjigistanyň Kabuldaky ilçisi Sadi Şarifi bilen ýüzbe-ýüz duşuşmagy hem wise-spikeriň bu meseläni çözmek ugrundaky tagallalarynyň bir bölegi bolmagynyň mümkindigini öňe sürdi.

Täjigistanyň Daşary işler ministrligi öz web sahypasynda ol duşuşygyň «owgan tarapynyň haýyşy boýunça» geçirilendigini ýazdy. Onda Katawazaý Täjigistanda «owgan telekeçileri üçin amatly şertleriň» döredilendigine ýokary baha beripdir.

Şeýle hem 1TV kanalynyň reportažynda Täjigistana sapar edýän owgan parlament delegasiýasynyň agzalarynyň bu habary bilýändikleri öňe sürüldi hem onuň duşuşyklar mahalynda maslahatlaşylmagynyň mümkindigi aýdyldy.

Şeýle-de bolsa, wekiliýetiň başlygy Mir Rahman Rahmani Duşenbede žurnalistlere gepleşikleriň hem-de duşuşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga, terrorçylyga garşy göreş we owganara parahatçylyk gepleşiklerine gönükdiriljekdigini aýtdy.

1TV kanalynyň habar berşine görä, bikanun getirilen gymmat bahaly metalyň we pullaryň ykbaly 14-nji fewralda, Täjigistanyň Döwlet howpsuzlygy komitetiniň başlygy Samümin Ýatimow hem Owganystanyň Milli ylalaşyk geňeşiniň başlygy Abdulla Abdulla bilen geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylypdyr.

Häkimiýetler bolsa Kabulda geçen duşuşygyň esasy temasynyň Owganystanyň parahatçylyk tagallalary, howpsuzlyk hyzmatdaşlygy we Owganystan-Täjigistan serhedindäki ýagdaýlar diýip habar berdiler.

DUŞENBE JOGAP BERMEÝÄR

Geçen ýylyň noýabr aýynda Täjigistanda görlüp-eşidilmedik nagt we altynyň konfiskasiýa edilendigi baradaky habar ilkinji gezek peýda bolanda, Täjigistanyň syýasatçylaryna hem işewür adamlaryna şübhe döräpdi.

Ýerli metbugat Täjigistanyň günortasyndaky Şugna altyn käniniň öňki ýolbaşçysynyň maşgala agzalarynyň bikanun gaçakçylyga gatnaşygynyň bardygyny habar berdi. Muňa täjik häkimiýetlerinden hiç hili teswir bolmady.

Duşenbe häkimiýetleri 18-nji fewralda çykyş edip, altynyň we puluň bir topar kontrabandaçy tarapyndan Owganystandan getirilendigini öňe sürdüler.

Döwlet gümrük gullugy bolsa bu toparyň nagt pullary hem guýma altyny Duşenbe howa menzilinden, uçar arkaly Birleşen Arap Emirliklerine aşyrmagyň synanyşyk edilendigini aýtdy. Emma harytlar uçara ýüklenmänkä aýan edilipdir hem ele salnypdyr.

Resmi wekil Täjigistan-Owganystan serhedindäki üç gümrük gullukçysynyň Täjigistana girýän harytlary dogry barlamadyklary üçin "geleňsizlik" sebäpli tussag edilendigini aýtdy. Gümrük gullugy bölümi bolsa ýedi adamyň tussag edilendigini habar berdi. Häkimiýetler olaryň atlaryny ýa-da jikme-jikliklerini mälim etmedi.

Täjigistan köp wagtdan bäri Russiýa, soňra-da Ýewropa owgan tirýegini hem heroini iberýän neşe gaçakçylary üçin tranzit ýurt bolup gelýär.

Täjigistanyň döwlet habar serişdeleri häli-şindi owgan neşe gaçakçylaryndan ýa-da olaryň täjigistanly ýaranlaryndan konfiskasiýa edilendigini aýdylýan neşe serişdeleriniň suratlaryny we wideolary görkezýärler. Ýöne Täjigistan häkimiýetleri Owganystandan bu ýurduň çägine geçirilen şeýle köp mukdarda altyn we daşary ýurt walýutasynyň ele salnandygyny ilkinji gezek habar berdi.

1TV kanaly öz reportažynda Katawazaýyň Owganystanyň «hökümetinde we mejlisinde giňden ýaýran korrupsiýa» barada golaýda eden çykyşlaryndan birini görkezdi.

Makala taýýarlananda Azatlyk Radiosynyň Täjik gullugynyň materiallaryndan peýdalanyldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG