Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus kanun çykaryjylary “tötänleýin” korrupsiýa rugsat berýän kanun taslamasynyň deslapky diňlenişigini tassyklady


Döwlet Dumasynyň deputatlary
Döwlet Dumasynyň deputatlary

Rus parlamentiniň aşaky palatasy, Döwlet Dumasy “tötänleýin” korrupsiýa rugsat berýän kanun taslamasyny deslapky diňlenişikde makullady.

Kanun taslamasyna görä, resmiler, kazylar, prokurorlar, harbylar we beýleki adamlar korrupsiýa hadysalaryna ýol açan şertlere gözegçilik edip bilmedik halatynda ýüze çykan korrupsiýa hereketleri üçin jogapkärçilik çekmeýärler.

Kanun taslamasyna görä, şeýle halatlar tebigy heläkçilikleri, şol sanda ýertitremeleri, suw joşgunlaryny, harasatlary, ýangyn hadysalaryny, pandemiýalary, harby konfliktleri we terrorçylyk hereketlerini öz içine alýar.

Kanun taslamasyna laýyklykda her bir korrupsiýa hadysasy ýörite komissiýa tarapyndan derňeler we ýörite topar korrupsiýa hereketiniň “tötänleýindigi” ýa-da däldigi we oňa “gözegçilik edip bolmajak şertlerde” ýol berlendigi ýa-da däldigi barada karar kabul eder.

Eger-de korrupsiýa hereketleriniň “tötänleýindigi” kararlaşdyrylsa, oňa baş goşan adamlara şeýle hereketleriň netijelerini düzetmek üçin “gözegçilik astyna alyp bolmajak halatlaryň soňlanmagynyň” yzýany bir aý möhlet berler.

XS
SM
MD
LG