Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden gyssagly çärelere ýykgyn edýär. Käbir ýurtlar “AstraZeneca” waksinasyndan saklanýar


ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 

ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden 11-nji martda 1,9 trillion dollarlyk ykdysady ýardam baradaky karara gol çekenden birnäçe sagat soň, ilkinji gezek milli telewideniýesi arkaly çykyşyndan peýdalanyp, ýurduň ilatyna waksina etmek we durmuşy kadaly ýagdaýa getirmek ugrundaky tagallalarynyň indiki tapgyryny beýan etdi.

Täze koronawirus keseliniň pandemiýa diýlip yglan edilmeginiň ýyl dönüminde Ak tamda eden çykyşynda prezident tuneliň soňunda ýagtylygyň boljakdygyna umyt bildirdi we 1-nji maýdan gijä galman amerikalylaryň kämillik ýaşyna ýeten her birine waksina edilip bilinjekdigini aýtdy. Baýden 4-nji iýulda Garaşsyzlyk gününi halkyň adaty ýagdaýda bellemegine ýakynlaşdyrmagy maksat edinýändigini mälim etdi.

Baýden öz administrasiýasynyň 530 000 amerikan raýatynyň ölümine sebäp bolan pandemiýanyň çäginden çykmak üçin ähli tagallalaryny jemläp işleýändigini belläp, ony “söweş ýagdaýyna" deňedi.

Şeýle-de bolsa, 11-nji martda Daniýa, Norwegiýa, Islandiýa, Italiýa we Rumyniýa "Oksford/AstraZeneca" waksinasynyň kwotasynyň möhletini yza süýşürdi ýa-da çäklendirdi. Bu karar waksinanyň adamyň bedeninde gan öýmelerini döredýändigi baradaky habarlardan soň yglan edildi.

XS
SM
MD
LG