Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanyň raýat jemgyýetleri aktiwistleriň yzarlanýandygyny aýdýarlar


«Kanunçylyk üçin» parahatçylyk ýörişi. 2021-nji ýylyň 7-nji fewraly.
«Kanunçylyk üçin» parahatçylyk ýörişi. 2021-nji ýylyň 7-nji fewraly.

Ynsan hukuklaryny goraýjylar prezident Sadyr Žaparowa ýüzlenip, Gyrgyzystanda oppozisiýa garaýyşlary bolan raýatlary yzarlamazlyk barada, öz pozisiýasyny aç-açan aýtmaga çagyryş etdiler.

Aktiwistler soňky bolup geçen wakalardan alada bildirýärler, olar graždan aktiwistlerine basyş edilende, beýle faktlaryň gaýra goýulmazdan derňelmeginiň zerurdygyny öňe sürýärler.

Toktogaziýewany kim gözläpdi?

Şeýle beýanat bilen konstitusiýa hukuklary boýunça bilermen, ýuridiki ylymlaryň doktory Sanýa Toktogaziýewa milisiýa bölümine ýüz tutup, näbelli bir adamyň öýüne gelip, özüni gözländigini mälim etdi. S. Toktogaziýewa telefon söhbetdeşliginiň suratlaryny, wideolary we ses ýazgylaryny goşup, Alamudun etrap milisiýasyna tabşyrdy.

Mundan öňinçä, ýagny 26-njy fewralda “Facebook” sahypasynda özüni haýsydyr bir uly derňew işgäri, Bişkek şäheriniň Içeri işler bölüminden milisiýanyň maýory diýip tanadan Mirlan Kaçkynbaýewiň Saniýany gözländigi habar berildi. Saniýa wideony şonda ýazgy edipdir, ýuristiň adamsy ol gelen adamdan resminama görkezmegini sorapdyr. Ýöne ol haýsydyr bir zady bahanalap, ol ýerden gidýär.

Wideoda görünýän näbelli kişiniň öý eýesinden: "24-26 we 30-32 ýaşynda bolan aýal bu jaýda ýaşaýarmy?" diýip soraýany eşidilýär.

Saniýa Toktogaziýewa milisiýanyň bu adamyň şahsyýetini anyklamalydygyny hem oňa nähili buýruk berlendigini bilmegi öňe sürýär.

Saniýa Toktogaziýewa
Saniýa Toktogaziýewa

‒ Munuň özi ahlak taýdan gorkuzmak. Sebäbi Içeri işler ministrliginiň 10-njy bölümi ekstremizm we terrorçylyk bilen iş salyşmaly. Onuň ýerine ýönekeý ýuristi yzarlamak – raýatlaryň salgytlaryndan hyýanatçylykly peýdalanmak bolar. Belki, ol haýsydyr bir jenaýatçydyr – hiç kim ony bilenok. Şonuň üçin men milisiýa bölümine ýüz tutup, muny derňemegi soradym.

Özüni Mirlan Kaçkynbaýew diýip tanadan adam Saniýa Toktogaziýewanyň adamsyna jaň edipdir. Getcontact programmasy arkaly telefon belgisi barlananda, oňa degişli 100-den gowrak ýazgynyň bardygyny görkezdi. Köplenç bu aragatnaşyk "Mirlan Kaçkynbaýew", "GUWD 10 Mirlan baýke", " Mirlan GUWD 10-njy bölümi", "Mirlan baýke ekstremizm", "Mirlan 10-njy bölüm" we ş.m.

Içeri işler ministrligi häzir barlag geçirilýändigini aýdyp, ol adamyň hakykatdanam içeri organlarda işleýändiginiň anyklajakdygyna söz berdi. Barlagyň netijesiniň resmi taýdan yglan ediljekdigi aýdyldy. Onuň hut özi bilen telefon arkaly habarlaşyp bolmady.

«Baştan başta!»: Yzarlama başlandy

Saniýa Toktogaziýewa bilen bolan waka internetde işjeň maslahat edilýän wagtda, "Baştan Başta!" raýat hereketi özleriniň yzarlanýandyklaryny habar berdi. 27-nji fewralda guramanyň resmi sosial media sahypasynda “Aç-açan yzarlamalar başlandy!” atly maglumat peýda boldy. Ol ýerde kanun goraýjy edaralaryň işgärleriniň aktiwistler tarapyndan geçirilen çärä gatnaşmak isleýändikleri aýdylýar.

Milisionerler hukuk goraýjy guramanyň trening geçirilýän okuw zalynda oturmagy haýyş edipdirler. Muny "Baştan Başta!" guramasynyň lideri Ulan Üsöýün syýasy maksatly yzarlama diýip atlandyrdy:

‒ Bu aslynda biziň geçirýän çärämiz, ol saýlanan graždanlaryň gatnaşýan çäresi. Gyrgyzystanda onlarça okuw we seminarlar geçirilýär. Biz açyk bäsleşik arkaly öz gatnaşyjylarymyzy saýladyk. Bolýan zat, syýasy äheňli yzarlamalar. Sebäbi ilki olar Saniýanyň yzyna düşdüler, indi bolsa meniň ýanyma geldiler. Eger başgarak bir seminar bolsady, olar gelmezdi.

2019-njy ýyldan bäri Sanýa Toktogaziýewa metbugatda we sosial ulgamlardaky sahypalarynda ýurtda bolup geçýän syýasy hem hukuk prosesleri barada öz pikirini aç-açan aýdyp gelýär.

"Baştan başta!" hereketi 2020-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri her ýekşenbe güni Bişkekiň merkezinde geçirilýän parahatçylykly ýörişleri guraýjylaryň biri hökmünde çykyş edýär.

Premýer-ministriň geňeşçisi hem öňki deputat Kanybek Osmonaliýew Gyrgyzystanda meseläniň düýp manysyna garamazdan, her kimiň öz pikirini aç-açan beýan edip bilýän şertleriň döredilendigini we raýat jemgyýetiniň ýurtda öz işlerini erkin alyp barýandygyny aýtdy:

Kanybek Osmonaliýew
Kanybek Osmonaliýew

‒ Garaşsyz Gyrgyzystanda raýat jemgyýetleri diýilýäni aýratyn ýagdaýa öwrüldi. Olaryň öz orny hem wezipesi bar. Ýöne başga bir mesele bar: eýsem raýat jemgyýetiniň käbir wekilleri käbir meselelerde ýagdaýa laýyk iş alyp barýarlarmy? Meseläniň özeni şunda bolup durýar. Bu hem pikirleriň dürlüligi ahyryn. Olaryň alyp barýan işleri kimedir ýaraýar, kimedir ýaramaýar.

Adam hukuklaryny goraýjy Dinara Oşurahunowa soňky wakalaryň ählisini raýat jemgyýetine edilýän hüjüm diýip hasaplaýar:

‒ Häkimiýetleri tankytlaýan aktiwistleriň ählisi Konstitusiýa girizilen üýtgeşmelere garşy çykýarlar hem-de parahatçylykly ýörişlere gatnaşýarlar. Hökümetler bolsa uzak wagtdan bäri olary gözegçilik astyna alyp gelýär. Olary yzarlaýanlar, olar hakda maglumat ýygnaýarlar, gerek bolsa gorkuzýan ýagdaýlary-da bar – diýýär.

4-nji fewralda Žogorku Keneşdäki prezidentiň wekili Anarbek Kalmatow çykyş edip, Gyrgyzystanda syýasy yzarlamalaryň ýokdugy baradaky pikiri öňe sürdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG